Beýonse täze Cé Lumière atly hoşboý ysly atyryny hödürledi

  • 29.10.2024 21:17
  • 4.5k+

Amerikaly aýdymçy Beýonse özüniň “Cowboy Carter” atly albomyndan ylhamlanyp, täze Cé Lumière atly hoşboý ysly atyryny çykardy.

Täze atyr öňki “Renaissance” plastinkasyny goldamak üçin çykarylan Cé Noir-iň yzy bilen gelýär.
Çüýşesiniň bezegi altynsow çöl reňkinde. Cé Lumière-iň ýokarky äheňlerinde Madagaskaryň gara burçy we italýan mandarini bar. Kompozisiýanyň ýüreginde - yasemin bilen yşgyn, özeninde bolsa indonez patçulisi we deri müşgi bar.
Atyry öňünden ABŞ-nyň we Kanadanyň resmi web sahypasyndan sargyt edip bolýar. Bahasy 160 dollar.
Parkwood Ventures atyr kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Janki Lalani Gandi: "Beýonseniň durmuşa geçirýän islendik taslamasynda elmydama aýdyň maksat bar. Bu ýagdaýda aýdymçy ýylda bir gezek täze hoşboý ysly atyr çykarýar. Şeýdibem, ol atyryň kömegi bilen durmuşyň belli bir döwrüni ýatda galdyrýar” – diýip belledi.

11.06.2026 13:03
7k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.7k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....