Türkmen döwlet maliýe institutynyň ykdysadyýet boýunça geçiren VI olimpiadasynyň ýeňijileri belli boldy

  • 28.10.2024 23:44
  • 8k+

Türkmenistanyň döwlet maliýe instituty ýurdumyzyň milli manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen «Ykdysadyýet» boýunça VI olimpiadasynyň netijelerini jemledi.

Olimpiadanyň netijeleri boýunça talyplaryň bäşisi birinji orunlary eýelediler. Olaryň ikisi: Baýramaly Baýramdurdyýew we Döwran Muhammedow Türkmen döwlet maliýe institutynyň wekilleri. Ýeňijileriň üçüsi: Berdimyrat Berdiýew, Selbi Haýytowa we Barna Kurambaýewa Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplarydyr.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 8 talyby ikinji orunlaryň eýeleri boldular we ýene-de 25-si üçünji orunlary eýelediler. Olaryň hatarynda ýokarda görkezilen ýokary okuw mekdepleriň, şeýle hem Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary bar.
Olimpiadanyň toparlaýyn hasabynyň netijeleri boýunça I orny Türkmen oba hojalyk instituty eýeledi, II orna Türkmen döwlet maliýe instituty mynasyp boldy we III orun Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna berildi. Olimpiadanyň ýeňijileri we baýrak eýeleri Türkmen döwlet maliýe institutynyň diplomlary bilen sylaglandylar. Umuman, olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 19-syndan talyplaryň 71-si gatnaşdylar.


şu gün 14:46
721

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

şu gün 08:05
2.3k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......

13.06.2026 18:59
4.9k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......

13.06.2026 16:18
1.2k+

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli iki günlük ylmy maslahat geçirilýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen......