Noýabrda Magtymguly adyndaky TDU-da himiýa dersi boýunça halkara olimpiada geçiriler

  • 28.10.2024 23:22
  • 3k+
25-30-njy noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Himiýa dersi boýunça III Halkara olimpiadasy geçiriler. Bu barada uniwersitetiň saýtynda habar berilýär.

Olimpiada üç dilde - türkmen, iňlis we rus dillerinde şahsy we toparlaýyn bäsleşik görnüşinde geçiriler:
Şahsy bäsleşik we derejede geçirilýär:
a) derejä islendik hünärde okaýan talyplar gatnaşyp bilýär.
b) derejä hünär ugry himiýa bolmadyk talyplar gatnaşyp bilýär.

Şahsy bäsleşigiň netijesi boýunça toparlaýyn bäsleşigiň jemi jemlener.
Olimpiada iki tapgyrda geçirilýär:
- A derejäniň birinji tapgyry organiki däl himiýa we fiziki himiýa boýunça, ikinji tapgyr organiki himiýa we analitiki himiýa boýunça ýazmaça görnüşinde geçirilýär;
- B dereje üçin birinji tapgyr test görnüşinde, ikinji tapgyr ýazmaça görnüşinde geçirilýär.
Çagyrylan her ýokary okuw mekdebinden her dereje üçin gatnaşyjylaryň sany dört talypdan (bakalawr we hünärmen derejelerinden) we bir ýolbaşçydan (4+1 görnüşinde) geçmeli däl.
Olimpiadanyň ýeňijilerine diplomlar we medallar gowşurylar.
Olimpiada gatnaşýan ýokary okuw mekdebine üç mesele hödürlemäge hukuk berilýär. Hödürlenýän meseleler anyk çözüwi bilen guramaçylyk iş toparyna 2024-nji ýylyň 10-njy noýabryna çenli olimptsu@gmail.com elektron poçta arkaly ugradylmaly. Hödürlenen meseleler kabul edilen halatynda toparyň ýolbaşçysy eminler toparynyň başlygynyň razylygy bilen eminler toparynyň agzalygyna girizilip bilner.
Olimpiada gatnaşyjylaryň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň amatly şertli umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşamagy, naharlanmagy, şeýle-de Aşgabadyň çägindäki ýol harajatlary kabul edýän tarapyň hasabyna, Aşgabada gelmek we gitmek bilen bagly harajatlar, şeýle hem aýratyn ýagdaýda, gatnaşyjynyň myhmanhanada ýerleşmek islegi bar bolan halatynda ugradýan tarapyň hasabyna tölener.
Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýänler ýokary okuw mekdebiniň resmi haty arkaly toparyň düzümi baradaky maglumaty, şeýle hem doldyrylan hasaba alnyş kagyzyny we şahsy kagyzyny olimptsu@gmail.com elektron salgysyna ibermeli. Hasaba alnyş 2024-nji ýylyň 8-nji noýabryna çenli dowam eder.

Habarlaşmak üçin telefonlar:
+99364 050124; +99363 699364.

Olimpiadanyň Düzgünnamasyny şu salgydan ýükläp alyp bilersiňiz.


şu gün 08:05
1.7k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......

13.06.2026 18:59
4.8k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......

13.06.2026 16:18
1.2k+

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli iki günlük ylmy maslahat geçirilýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen......

12.06.2026 18:12
6.8k+

Türkmenistanda 31 alyma ylymlaryň doktory we kandidaty derejeleri berildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär....