Coca-Cola howply bölejikler sebäpli 28 mln çüýşäni satuwdan yzyna gaýtarar

  • 28.10.2024 23:00
  • 12k+

Coca-Cola Awstriýada 0,5 litr göwrümli 28 mln plastik çüýşäni yzyna gaýtarýar. APA agentliginiň habar bermegine görä, çözgüt önümde metal bölejikleriniň ýüze çykarylmagy sebäpli kabul edildi.

Näsazlyk önümçilikde bolup geçdi: içgileri guýmak prosesinde bölejikleriň çüýşelere düşüp bilmeginiň sebäbi döwlen süzgüç boldy.
Yzyna gaýtarylýan önümleriň arasynda 2025-nji ýylyň 4-nji fewralyndan 12-nji apreli aralygynda ýaramlylyk möhleti bilen öndürilen Coke, Fanta, Sprite we MezzoMix içgileri bar. Kompaniýa şeýle içgileri içmegiň saglyk üçin howply bolup biljekdigini, şol sebäpli toplumyň doly möçberde satuwdan aýryljakdygyny belleýär.
Häzirki wagtda içgini içmegiň netijesinde zyýan çeken ýok. Bellenilişi ýaly, 
Coca-Cola önümleriniň şeýle uly göwrümde yzyna gaýtarylmagy Awstriýada ilkinji gezek bolýar.

şu gün 08:37
1.7k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

düýn 08:33
3.2k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.1k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.7k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......