Ilon Mask sürüjisiz Tesla Cybercab taksiniň bahasyny 5 müň dollar arzanlatdy

  • 28.10.2024 11:24
  • 5.7k+

Tesla-nyň baş müdiri Ilon Mask Tesla Cybercab sürüjisiz taksisiniň bahasyny 25 000 dollara çenli arzanlatdy. Bu barada ol kompaniýanyň maliýe netijelerine bagyşlanan metbugat konferensiýasynda habar berdi diýip, IXBT ýazýar.

Sürüjisiz taksiniň ilkibaşda yglan edilen bahasy 30 müň dollardy. Konferensiýada Mask bu bahany ýene bir gezek gaýtalady, ýöne birnäçe minutdan soň Teslanyň täze modelini 5000 dollar arzan satmak isleýändigini aýtdy. Maskyň şular ýaly baha üýtgetmek ýagdaýy ilkinji gezek däldir.
Tesla sürüjisiz taksileriň onlaýn sargyt hyzmatyny synagdan geçirip başlandygyny ýatladýarys. Häzirki wagtda hyzmat diňe kompaniýanyň işgärleri üçin elýeterlidir.
Tesla Cybercab-yň köpçülikleýin önümçiligi 2026-njy ýylda başlar.


11.03.2026 20:11
9.9k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...

05.03.2026 23:37
2.2k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

20.02.2026 11:25
2.4k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...

12.02.2026 23:21
3.1k+

Ilon Mask: X platformasyny (öňki Twitter-i) 1 milliarddan gowrak adam ulanýar

​X sosial ulgamynyň (öňki Twitter) eýesi Ilon Mask bu programmany gurnan adamlaryň sanynyň bir milliarddan aşandygyny mälim etdi. ​"Biziň bir milliard ulanyjy barada aýtmagymyzyň sebäbi, ortaça aýlyk ulanyjylarymyzyň sany 600 million töweregi bolsa-da, goşundyny ýükläp alanlaryň sany bir milliarddan ep-esli köpdür...