Wildlife Photographer of the Year – 2024 bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

  • 28.10.2024 10:49
  • 4.7k+

Londonyň hakyky taryh muzeýi tarapyndan her ýyl geçirilýän abraýly Wildlife Photographer of the Year – 2024 (“Ýylyň ýabany tebigat suratçysy”, WPOTY) bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy. 

Şu ýyl birinji orny Sedar kölünde (Kanada) düşürilen günbatar amerikan gurlawugynyň çagalarynyň suraty üçin kanadaly Şeýn Gross eýeledi diýlip, muzeýiň saýtynda habar berilýär.
“Ýaşaýşyň köplügi” atly surat eminler tarapyndan “suwasty dünýäniň dinamikasyny we gowşaklygyny görkezip bilmek” başarnygy üçin bellenildi.

Nominasiýalarda ýeňijiler:
Ýabany tebigatyň ýaş fotosuratçysy (15-17 ýaş): “Öli tokaýyň astyndaky durmuş” üçin Aleksis Tinker-Sawalas (Germaniýa). Bu slizewigiň we kollembolanyň makro-suraty. Fotosuratçy has jikme-jik suraty döretmek üçin 36 suraty birleşdirmäge mümkinçilik beren fokus goýmak tehnikasyny ulandy. Emin agzalary suratçyny şeýle çylşyrymly obýekt bilen işlemekde ussatlygy üçin bellediler.

10 ýaş we ondan kiçi: “Guş ýaly erkin” suraty bilen Roman Gomes (Ispaniýa).

Haýwanlar öz tebigy gurşawynda: “Ýabany pişigiň serhedi” işi üçin Igor Metelskiý (Russiýa). Bu Russiýanyň Primorskiý ülkesiniň Lazowskiý etrabynda foto-duzagyndan düşürilen ýabany pişigiň suraty. Şeýle suraty almak üçin suratça alty aýdan gowrak wagt gerek boldy. “Fontanka” çeşmesiniň maglumatlaryna görä, Metelskiý 2012-nji ýylda döwlet işgäri karýerasyndan ýüz öwrüp (ol Sankt-Peterburgyň wise-gubernatory bolupdy), özüni ýabany pişikleriň suratlaryna bagyşlady.

Tebigy ussatlyk: “Ussat garga” işi üçin Ýirži Gržebiçek (Çehiýa).

Haýwan portreti: “Sakçylykda” işi üçin Joana I.Marriott (Kanada).

Özüni alyp baryş: süýdemdirijiler: “Rahatlanma pursaty” suraty üçin Hikkaduwa Liýanage Prasanta Winod (Şri-Lanka).

Özüni alyp baryş: oňurgasyzlar: “Ýumrujylar topary” işi üçin Ingo Arndt (Germaniýa). Tomzagyň hötdesinden gelýän sary garynjalar.

Özüni alyp baryş: guşlar: “Tejribe kämillige ýetirýär” suraty üçin Jek Çži (ABŞ).

Ummanlar: “Ölüm howply plastikden berhiz” suraty üçin Jastin Gilligan (Awstraliýa).

Ösümlikler we kömelekler: “Glenadan goja” suraty üçin Fortanato Gatto (Italiýa).

Haýwanlar tebigy ýaşaýyş gurşawynda (Impact Awards): “Ninu üçin umyt” suraty üçin Ýanniko Kelk (Awstraliýa).

Fotožurnalistika: “Täze subutnamalaryň gözleginde” suraty bilen Britta Ýaşinski (Germaniýa/Beýik Britaniýa).

WPOTY bäsleşigi 1965-nji ýyldan bäri geçirilip, dünýäde iň abraýly bäsleşikleriň biri hasaplanylýar. 2024-nji ýylda bäsleşige 117 ýurtdan 59 müňden gowrak surat hödürlendi.
Şolardan diňe 100-üsi finala çykdy. Ýeňijiler surat we tebigat gorawy ugrunda hünärmenlerden ybarat eminler tarapyndan saýlanylýar.

şu gün 10:00
2k+

Germaniýada ilat köpçülikleýin Gün panellerinden ýüz öwrüp, kollektorlara geçýär

Germaniýada suwy gyzdyrmak we jaýlary ýylatmak üçin niýetlenen Gün kollektorlaryna bolan isleg barha artýar. Hünärmenleriň çykaran netijelerine görä, bu enjamlaryň Gün energiýasyny ýylylyga öwürmekdäki......

şu gün 00:07
3.4k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

şu gün 00:03
2.2k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 23:56
4.7k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......