27-nji oktýabrda Türkmenistanda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirildi. Olaryň çäklerinde sergiler, maslahatlar, alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşikleri, beýleki medeni çäreler geçirildi. Paýtagtymyzda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirilip, onda assosiasiýanyň düzümine täze agzalar kabul edildi, ýurdumyzyň iň gowy itşynaslaryna «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlar dakyldy.
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň we türkmen alabaýyna bagyşlanan döredijilik gözden geçirilişiniň jemi jemlenildi. Synlaýyş meýdançasyna bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda saýlanyp alnan, ýurdumyzyň dürli sebitlerinden iň gowy alabaýlaryň 10-sy çykaryldy. Emin agzalaryna we tomaşaçylara alabaýlaryň atlary, olaryň ýaşy, nesil ugry, eýesi baradaky maglumatlar mälim edilýär. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna çykan alabaýlaryň hersi belli bir nesil ugruna degişlidir.
Bäsleşige gatnaşdyrylýan alabaýlar eýeleriniň öwreden endiklerini tomaşaçylara görkezdi. Alabaýlaryň köp sanly janköýerleri olaryň ajaýyp daşky keşbi bilen birlikde, bäsleşigiň dowamynda görkezen başarjaňlygyna baha berdiler. Kinologyň ussatlygy iti päsgelçiliklerden geçmegine gönükdirmeginde jemlenýär. Şol päsgelçiliklerden geçilende, tizlik we takyklyk göz öňünde tutulýar.
Şunlukda, «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna Akguş atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Ony ösdürip ýetişdiren hem-de bu bäsleşige taýýarlan Aşgabat şäherinden hususy itşynas R.Kerimow. Halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy — «Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy hem-de ol ýörite medal, göçme kubok, diplom bilen sylaglanyldy. Hususy itşynas gymmat bahaly sowgat we alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak babatda döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Soňra türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda we teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasyndaky döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi.
Bäsleşigiň jemleri boýunça:
- türkmen alabaýynyň daşky keşbi şekillendirilen «Türkmen alabaýy» atly haly eseri üçin - «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy A.Orazgulyýewa;
- «Türkmen alabaýy» atly surat eseri üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň nakgaşçylyk kafedrasynyň mugallymy B.Sytdyhowa;
- «Edermen türkmen alabaýy» atly heýkel eseri üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby G.Şöhratgeldiýewa;
- «Türkmen alabaýlary» atly neşir işi üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dizaýn kafedrasynyň mugallymy Ata Muhammet Ahmede;
- «Edermen türkmen alabaýy» atly teleoperatorçylyk işi üçin Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy E.Çaryýewe Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan degişli şahadatnamalar we sowgatlar gowşuryldy.