Ýandeks dil modeli YandexGPT 4-e “pikir ýöretmegi” öwretdi

  • 26.10.2024 23:36
  • 2.2k+

Ýandeks kuwwatly Pro neýroulgamyny we ýönekeýleşdirilen Lite wersiýany öz içine alýan dil modelleriniň täze nesli YandexGPT 4-üň işe girizilendigini habar berdi diýip, IXBT ýazýar.

Işläp düzüjiler täze modelleriň jogaplaryň hili boýunça öňkülerden öňe geçýändigini we 60 sahypa tekst uzynlygyndaky soraglary işlemäge ukyplydygyny nygtaýarlar.
YandexGPT 4 modelleri Yandex Cloud-da API arkaly eýýäm elýeterli, ýöne käbir funksiýalar synag režimindedir. Işläp düzüjileriň pikiriçe, Pro wersiýasy satuw seljermesi ýaly çylşyrymly meseleler üçin has netijeli, Lite bolsa jogap tizliginiň möhüm bolan ýagdaýlary üçin niýetlenendir.
Geljekde YandexGPT 4-i “Alisadan” başlap, Ýandeks hyzmatlaryna birleşdirmek meýilleşdirilýär.
Öňki nesil modeli bilen deňeşdirilende, YandexGPT 4 Pro 70% ýagdaýda jogaplaryň hiliniň gowulaşandygyny görkezýär, Lite wersiýasy bolsa öňki nesliň iň kuwwatly modeli bilen deňleşip bilýär. Bu kämilleşdirmeler optimizasiýa edilen okuw prosesiniň we neýroulgamlaryň “pikir ýöretmek” ukybynyň netijesinde mümkin boldy. Olar çylşyrymly meseleleri has ýönekeý ýumuşlara bölüp, olary pikir ýöretme zynjyryny emele getirip, ädimme-ädim çözýärler.
Mundan başga-da, YandexGPT 4 beýleki programmalar üçin, meselem, uçara petek gözlemek üçin buýruklary döredip biler. Bu funksiýa ýakyn wagtda Yandex Cloud-da elýeterli bolar, bu hem işläp düzüjilere daşarky programmalar bilen gatnaşyk üçin täze modelleri ulanmaga mümkinçilik berer.
Öň, biz Apple-iň hünärmenleri tarapyndan geçirilen ylmy gözlegiň emeli aň modelleriniň pikirlenmän, diňe pikir ýöretmä öýkünýändigini görkezendigini habar beripdik.


07.03.2026 17:10
882

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.6k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...

27.02.2026 21:33
8.4k+

Google Nano Banana 2-ni tanyşdyrdy: 4K çözgüdi we Gemini-niň ähli bilimleri indi elýeterli

Google kompaniýasy özüniň täze Nano Banana 2 neýroulgamyny tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler bu täze önümi "şekillendiriş pudagynda iň döwrebap we ösen model" diýip atlandyrýarlar. Bu tehnologiýa ýakyn wagtda korporasiýanyň ähli serwislerine we hyzmatlaryna ornaşdyrylar...

21.02.2026 17:41
1.6k+

Gemini 3.1 Pro bäsdeşlerinden has akylly we ep-esli arzan bolup çykdy

Google kompaniýasy gysga jogap däl-de, çylşyrymly logiki pikirlenmegi talap edýän ýumuşlar üçin niýetlenen täze Gemini 3.1 Pro emeli aň modelini hödürledi. Model programmalary ýazmaga, ylmy barlaglar geçirmäge we hatda animasiýalary döretmäge-de ukyplydyr...