Apple-iň ylmy gözlegi: EA modelleri pikirlenmeýär, olar pikir ýöretmä öýkünýär

  • 16.10.2024 17:26
  • 2.1k+

Apple-iň hünärmenleri tarapyndan geçirilen ylmy gözleg ChatGPT ýaly uly dil modelleriniň (LLM) hakyky logiki pikirlenmä ukyply däldigini görkezdi.

TechCrunch neşirinde çap edilen makalada şeýle modelleriň ýumşa kän bir ähmiýetli bolmadyk maglumatyň goşulmagy bilen aňsatlyk bilen bulaşýandygy, munuň hem hakyky düşünmegi däl-de, pikir ýöretmä öýkünilýändigini görkezýändigi aýdylýar.
Mysal hökmünde bilermenler şeýle ýumşy getirdiler: “Oliwer anna güni 44 kiwi ýygnady. Şenbe güni 58 kiwi ýygnady. Ýekşenbe güni ol anna günündäkiden iki esse köp kiwi ýygnady. Oliweriň jemi näçe kiwisi bar?”. Model ýumşy dogry çözýär, ýöne “ýekşenbe güni bu kiwileriň 5-isi ortaça ululykdan birneme kiçidi” diýen ýaly ähmiýetsiz jümle goşulanda bolsa, model kiwileriň ululygynyň olaryň sanyna täsiriniň ýokdugyna garamazdan, bu bäş kiwini umumy mukdardan aýryp bilýär.
Ylmy gözlegiň awtorlarynyň biri Mehrdad Farajtabar munuň döwrebap modelleriň logiki pikirlenmede çäkliligini görkezýändigini belleýär.

“Olar ýumşa düşünmeýärler-de, diňe maglumatlarda görlen şablonlary gaýtalaýarlar. Biz peselişiň [netijeliligiň] döwrebap LLM-iň hakyky logiki pikirlenmä ukypsyzdygy bilen baglanyşyklydygyny çaklaýarys; munuň deregine olar okatmak üçin ulanylýan maglumatlarda görlen pikir ýöretme ädimlerini gaýtalamaga çalyşýarlar” – diýip, Farajtabar belledi.

OpenAI-yň wekilleri soraglar sowatly düzülen ýagdaýynda (prompt engineering) dogry netijeleri gazanyp boljakdygyny nygtaýarlar. Ýöne, Farajtabaryň aýtmagyna görä, çylşyrymly ýumuşlar üns sowujy faktorlary aradan aýyrmak üçin has köp kontekst talap edýär.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......