BMG Türkmenistanyň başlangyjy bilen Merkezi Aziýa babatda täze Kararnama kabul etdi

  • 26.10.2024 12:37
  • 5k+

2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.

Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsi we sebitdäki hemme ýurtlar bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi diýip, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow anna güni Hökümet mejlisinde aýtdy.
Soňra R.Meredow «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly, bu geňeş döwlet Baştutanynyň goldaw bermeginde 2024-nji ýylyň martynda döredildi. Şu ýyl onuň mejlisleriniň ikisi geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna noýabr aýynda geňeşiň nobatdaky mejlisini geçirmek we onuň gün tertibi baradaky teklipler hödürlenildi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama laýyklykda, Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň meýilnamasynyň deslapky taslamasy işlenip düzüldi we ony öňümizdäki mejlisde ara alyp maslahatlaşmak teklip edilýär. Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede durmuşa geçirmekde ulgamlaýyn çemeleşmeleri we oňyn tejribeleri ornaşdyrmak maksady bilen, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy we ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudak edaralary bilen bilelikde taýýarlanylan «2024 — 2026-njy ýyllarda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky «Ýol kartasyna» garamak teklip edilýär. Bu resminamanyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde birnäçe çäreleri guramak meýilleşdirilýär.


düýn 22:09
409

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
475

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

düýn 12:31
3.7k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 09:55
620

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......