Milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçiriler

  • 26.10.2024 08:55
  • 19k+

1-nji noýabrda “Türkmen manady — ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň nyşany” atly ylmy-amaly maslahat geçiriler. Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan geçiriljek bu maslahat milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygyna bagyşlanar. Maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada wise-premýer H.Geldimyradow Hökümet mejlisinde hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Maslahatyň gün tertibine milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi netijesinde ýurdumyzyň gazanan ykdysady üstünlikleri, milli pul-karz syýasatynyň durmuşa geçirilişi, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly döwrebap bank hyzmatlaryny hödürlemek, elektron tölegler ulgamyny kämilleşdirmek, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek bilen baglanyşykly meseleler giriziler.
Foruma ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş we bank edaralarynyň, ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşarlar.


düýn 15:48
4.4k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

27.06.2026 11:05
4.3k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......