Gurbanguly Berdimuhamedow halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanan türgenleri sylaglamak dabarasyny geçirmegi teklip etdi

  • 26.10.2024 08:37
  • 15k+

25-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşyp, ýüzlenme bilen çykyş etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýakynda bolup geçen möhüm syýasy çäreler, olaryň guramaçylyk derejeleri dogrusynda durup geçdi.
Hususan-da, Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji oktýabrda BMG-niň esaslandyrylmagyna 79 ýyl bolandygyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň bu abraýly halkara guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşmagynyň, ony guramanyň güni bilen gutlamagynyň uly mertebe bolup durýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Serdar Berdimuhamedowyň Kazan şäherinde geçirilen BRICS sammitinde eden çykyşynyň hem ähmiýeti dogrusynda belläp geçdi.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça çäreleri berk gözegçilikde saklajakdygyna ynandyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri türkmen türgenleriniň köp sanly halkara ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeländiklerini, ýurdumyzyň sport abraýyny belende göterendiklerini belledi. Bu bolsa ýurdumyzyň sport syýasatynyň gowy netijeleri berýändigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, Daşary işler ministrligi bilen bilelikde halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenlerimizi sylaglamak dabarasyny geçirmek baradaky teklibi döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belläp geçen ähli meseleleriniň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. “Ýaş türgenlerimiz halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň abraýyny belende göterýärler. Biz mundan beýläk hem olar üçin ähli şertleri dörederis” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.


30.05.2026 08:45
8k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.2k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.7k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......

21.05.2026 19:23
3.4k+

Türkmen karateçileri Bad-Nauhaýmda geçiriljek halkara çempionatyna ugrady

Türkmenistanyň kiokuşinkaý karate boýunça milli ýygyndy topary Germaniýanyň Bad-Nauhaým şäherinde geçiriljek International Championship halkara ýaryşyna gatnaşmak üçin ugradylar....