Aşgabatda GDA-nyň weterinariýa boýunça Hökümetara Geňeşiniň mejlisi geçirildi

  • 26.10.2024 08:09
  • 2k+

22-nji oktýabrda Aşgabatda GDA agza ýurtlaryň weterinariýa pudagyndaky Hökümetara Geňeşiniň 46-njy mejlisi geçirildi.

Mejlise Geňeş agzalary we Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň, esasy guramalaryň ygtyýarly wekilleri, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekili gatnaşdy.
Çäräni Türkmenistanyň oba hojalyk ministri Çaryýar Çetiýew çykyşy bilen açdy. Weterinariýa pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara Geňeşiň başlygy wezipesine Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginiň Döwlet weterinariýa gullugynyň başlygy Döwlet Nuryýew saýlandy.
Duşuşygyň dowamynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary GDA agza ýurtlarda oba hojalyk mallarynyň ýokanç keselleriniň ýaýramagy bilen baglanyşykly ýagdaý barada maglumat berdiler we epizootik aman-esenligi üpjün etmäge degişli köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, 2030-njy ýyla çenli döwürde mallaryň we guşlaryň aýratyn howply keselleriniň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça bilelikdäki hereketler toplumynyň taslamalaryna garaldy.
Mejlisiň netijesi boýunça weterinariýa hyzmatlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we maldarçylygy ösdürmek üçin amatly şertleri döretmäge, şeýle hem bu pudakda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen möhüm kararlar kabul edildi. Gol çekilen resminamalaryň durmuşa geçirilmegi maldarçylyk önümleriniň hilini ýokarlandyrmaga we GDA ýurtlarynda azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge saldamly goşant goşar.
GDA-nyň weterinariýa pudagynda Hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň indiki mejlisiniň 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda Täjigistan Respublikasynda geçirilmegi bellendi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.


şu gün 13:44
1k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....