FIFA-nyň täzelenen reýtinginde Türkmenistanyň eýeleýän orny belli boldy

  • 26.10.2024 07:51
  • 14k+

24-nji oktýabrda FIFA milli ýygyndylaryň sanawyny täzeledi. Reýtingde Türkmenistanyň milli ýygyndysy iki setir aşak düşüp, 144-nji orunda ýerleşdi. Onuň hasabynda 1065.42 utuk bar.

Reýtingiň ilkinji onlugynda hem üýtgeşmeler bolup geçdi. Ozal 7-nji orny eýeleýän Niderlandlar bir setir aşak düşüp, Portugaliýa bilen ornuny çalyşdy. Şeýle-de, sanawda Kolumbiýa öz ornuny ýitirdi. Indi ol 9-njy orunda ýerleşmän, 1724.37 utuk bilen ilkinji onlugy jemleýär. Ýygyndynyň ornuny Italiýa eýeledi.
Reýtingiň ilkinji onlugy şeýle görnüşde:

  1. Argentina – 1883.5.
  2. Fransiýa – 1859.85.
  3. Ispaniýa – 1844.33.
  4. Angliýa – 1807.83.
  5. Braziliýa – 1784.37.
  6. Belgiýa – 1761.27.
  7. Portugaliýa – 1752.68.
  8. Niderlandlar – 1748.24.
  9. Italiýa – 1729.4.
  10. Kolumbiýa – 1724.37.

Reýtingde Komorlaryň milli ýygyndysy uly ösüş görkezdi. Ol 1185,98 utuk (+26,34) bilen öňki 118-nji ornundan 10 setir ýokary galdy we häzir 108-nji orunda ýerleşýär. Iň köp utuk gazanan ýygyndy Botswana boldy (+38.3), ol 7 setir ýokary galdy we 140-njy orny eýeleýär. Reýtingde has pese düşen ýygyndy bolsa Tunis boldy. Ýurduň milli ýygyndysy 11 setir – 47-nji orna düşdi. Milli ýygyndylaryň arasynda Kabo Werdeniň topary iň köp utuk ýitirip (-38.3), 7 setir aşak düşdi we indi 72-nji orny eýeleýär.


düýn 14:15
9.5k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 17:52
4.5k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......