Hytaý ilkinji ýüzýän gün elektrik stansiýasyny synagdan geçirmäge taýýarlanýar

  • 25.10.2024 15:10
  • 10k+

Hytaý ýurduň ilkinji ýüzýän gün elektrik stansiýasyny (bekedini) işe girizmäge taýýarlanýar. "Yellow Sea No. 1" atly fotoelektrik platformasy Şandun ýarym adasynyň günortasyndaky Sary deňizde gurlar diýip, New Atlas ýazýar.

Bir ýyllyk synag möhleti başlamazdan öňinçä, häzir stansiýanyň (bekediň) enjamlaryny gurnamak, düzmek işleri soňky tapgyrda dowam edýär.
"Yellow Sea No. 1-iň" boýy 1, 10 metr bolup, 64 buý bilen goldanýar we deňiz düýbüne berkidilen troslar bilen ýerinde saklanýar. Ol beýikligi 10 metre çenli tolkunlara çydap biler.  1624 inedördül metr bolan platformada 434 fotoelektrik paneli oturdyldy.
Synag wagtynda inženerler platformanyň ýele, tolkunlara garşy çydamlylygyna baha bererler. Şeýle hem gurluşyň berkligini we elektrik öndürmegiň netijeliligini barlarlar.
Synag Hytaýda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmekde möhüm ädimdir we deňiz baýlyklaryny durnukly peýdalanmak üçin täze mümkinçilikleri açýandyr.


28.05.2026 17:08
5.3k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
1.8k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......

25.05.2026 16:14
5.3k+

2000 sany serwer suwa çümdi: Hytaý ýel energiýasy bilen işleýän ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi

Hytaý deňiz şemaly elektrik stansiýalarynyň energiýasy bilen işleýän dünýäde täjirçilik maksatly ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi. Bu desga Şanhaýyň kenarýakasynda ýerleşýär....

23.05.2026 11:14
2.7k+

Bir ýadro reaktorynyň deregi üçin 9 mln sany Gün paneli gerek bolar

Häzirki zaman ýadro reaktorynyň (atom elektrik stansiýasynyň) öndürýän elektrik energiýasynyň mukdaryna ýetmek üçin takmynan 8,5–8,7 million sany Gün paneli gerek bolar. Bu barada BGR neşiriniň taýýarlan......