Rustam Minnihanow Serdar Berdimuhamedowy Tatarystanyň «Duslyk» ordeni bilen sylaglady

  • 24.10.2024 21:55
  • 12k+

24-nji oktýabrda Kazan şäherine iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-tatarystan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy.
Bellenilişi ýaly, biziň halklarymyz asyrlaryň dowamynda medeniýetleriniň, dininiň umumylygyna, dilleriniň we däp-dessurlarynyň meňzeşligine, deňhukuklylyga we özara hormat goýmaga esaslanýan dostlukly gatnaşyklary saklap gelýärler. Ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistan we Tatarystan Respublikasy dürli ugurlarda, hususan-da, ýangyç-energetika, gämigurluşyk, himiýa senagaty ulgamlarynda, awiasiýa tehnikasyny we ýük awtoulaglaryny ibermekde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.
Şunuň bilen birlikde, ynsanperwer ulgamda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň möhümdigine üns çekildi. Şunda ylym, bilim, medeniýet we sungat ugurlary boýunça bilelikdäki işiň baý tejribesiniň toplanandygy bellenildi. Şeýle hem özara peýdaly parlamentara gatnaşyklar işjeňleşdirilýär. 
Soňra Türkmenistanyň Prezidentini Tatarystan Respublikasynyň «Duslyk» ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.
Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanowyň belleýşi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ýokary döwlet sylagyna Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda aýratyn hyzmatlary, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş we medeni gatnaşyklary ösdürmäge uly goşandy üçin mynasyp boldy.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Serdar Berdimuhamedowa «Duslyk» ordenini dabaraly ýagdaýda gowşurdy we şunuň bilen baglylykda, tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow bildirilen hormat-sarpa üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, şu sylag Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň tassyklanmagy bolup durýar diýip belledi. Häzirki döwürde bu hyzmatdaşlyk türkmen-russiýa strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. 


düýn 22:55
502

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......