Beýik Britaniýada norowirusa garşy ilkinji sanjymyň kliniki synaglary başlandy

  • 24.10.2024 20:21
  • 3.7k+

Dünýä ýüzünde norowirusa garşy ilkinji sanjymyň kliniki synaglary Beýik Britaniýada başlandy. Keseliň juda ýokançdygy, ýürek bulanma we içgeçme ýaly agyr alamatlary döretmäge ukyplydygy mälimdir.

Norowirus her ýyl 685 million kesel döredýär. Wirus ýokuşan adamlaryň köpüsi birnäçe günüň içinde aýaga galdyrylýar, ýöne garrylarda, ýaş çagalarda we immuniteti gowşak adamlarda bu kesel agyr geçýär. Wirus dünýäde her ýyl 200 müň adamyň ölümine sebäp bolýar diýip, “The Guardian” ýazýar.
Taslamanyň esasy barlagçysy doktor Patrik Mur häzirki wagtda wirusa garşy sanjymlaryň ýokdugyny aýtdy. Bejergi, adatça, elektrolit derejesini dikeltmäge gönükdirilen goldawyň ýardamy bilen çäklenýär.
Täze mRNK sanjymy immunitet ulgamyna antikorlaryň öndürilmegini höweslendirip, norowirusy tanamagy we oňa garşy göreşmegi "öwredýär". Derman ýokançlyga garşy göreşde möhüm ädim bolup biler.
Bu gözleg işler Ýaponiýa, Kanada we Awstraliýa ýaly ýurtlarda iki ýyl dowam eder we 25 müň sany uly ýaşly gatnaşyjyny öz içine alar (60 ýaşdan uly ýaşlylary hem goşmak bilen). 


düýn 17:46
1.2k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

düýn 15:54
2.3k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
4.7k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
4.9k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......