Tesla bilen Mask belli filmden kadrlary göçürip almakda aýyplanýar

  • 24.10.2024 19:48
  • 8k+

"Päkiden ylgap barýan 2049" («Бегущий по лезвию 2049») filminiň önümçiligine gatnaşan “Alcon Entertainment” kinostudiýasy Teslany, onuň ýolbaşçysy Ilon Masky we "Warner Bros. Discovery" Los-Anjeles kazyýetine berip, olara garşy iş gozgatdy. Bu barada naked-science.ru habar berýär.

Reuters habarlar gullugynyň maglumatyna görä, kazyýet işi 10-njy oktýabrda geçirilen Teslanyň robototaksisiniň tanyşdyrylyş dabarasynda şikaýatçy tarapyň awtorlyk hukuklarynyň bozulandygy baradaky aýyplamalara degişlidir.
Alcon Teslanyň filmdäki wideolary gaýtalaýandygyny, emeli aň tarapyndan döredilen şekilleri ulanandygyny öňe sürdi. Studiýa öň "Päkiden ylgap barýan 2049" filminiň distribýutory Warner Brosyň wideolary ulanmak baradaky haýyşyny ret etdi.
Şikaýat edilip ýazylan arzada: "Tesla bilen hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýan islendik paýhasly brend, Maskyň kämahal ýigrenji sözlere öwrülýän we giňden ýaýran, ýokary syýasatlaşdyrylan, özüne çekiji hem-de eden-etdilikli hereketlerini göz öňünde tutmalydyr" diýlip bellenilýär.
Alcon bu düzgün bozulmasynyň “Amazon Prime-nyň"
"Päkiden ylgap barýan 2099" mini-serialynyň çägindäki önümçiligine, şol sanda olaryň hyzmatdaşlygyna hem zyýan ýetirip biljekdigini aýtdy. Kazyýetde zyýanyň mukdary görkezilmeýär, ýöne maliýe ýitgileriniň ep-esli bolup biljekdigi welin nygtalýar.
Ýokarda agzalan tanyşdyrylyş dabarasynyň Warner Bros. Discovery pawilýonynda bolandygyny ýatladýarys. Şeýle-de bu dabara “Tesla Robovan” furgonynyň we “Optimus” robotlarynyň görkezilişini öz içine aldy.
Bu arz-şikaýat Teslanyň hem-de onuň ýolbaşçysynyň ilkinji gezek ogurlyk etmekde aýyplanmagy däl. Şol tanyşdyryşdan soň, Mask "Men, robot" filminiň režissýory Aleks Proýas tarapyndan tankyt edildi. Režissýor androidleriň, taksileriň we Tesla awtoulagynyň keşbini öz filmindäki robotlar we awtoulaglar bilen deňeşdirdi.


şu gün 07:46
708

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

düýn 12:24
1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

düýn 08:41
1.3k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

07.06.2026 11:02
10k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....