Serdar Berdimuhamedow Antoniu Guterrişi BMG-niň güni bilen gutlady

  • 24.10.2024 08:12
  • 3.8k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Siziň 2024-nji ýylyň iýulynda Türkmenistana amala aşyran saparyňyzy buýsanç duýgusy bilen ýatlaýaryn. Bu saparyň dowamynda biz Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça birnäçe meseleleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdyk. BMG bilen köpugurly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan strategik ugurlarynyň biridir. Biz bu gurama bütin dünýäde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki zaman ulgamynyň daýanjy, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň kepili hökmünde garaýarys” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti hatynda belledi.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, BMG-niň Sekretariatynyň ähli işgärlerine täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdi.
BMG-niň güni her ýyl 24-nji oktýabrda bellenilip geçilýär.
Bu baýramçylyk 1945-nji ýylda BMG-niň Düzgünnamasynyň güýje girmegi mynasybetli bellenilip geçilýär.


düýn 11:41
2.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......