Ýewropada ýeňil awtomobilleriň satuwy soňky iki ýylda ilkinji gezek yzygiderli pese gaçdy

  • 24.10.2024 00:25
  • 8.3k+

Ýewropa ýurtlarynda täze awtomobilleriň hasaba alynmagy sentýabr aýynda geçen ýyl bilen deňeşdirilende 4,2% pese gaçyp, 1,12 mln birlik boldy. Bu barada Ýewropanyň awtoöndürijiler assosiasiýasyna salgylanyp, Bloomberg habar berýär.

Soňky gezek hasaba almalaryň sany 2022-nji ýylyň ortasynda yzygider birnäçe aý pese gaçdy. Ýewropa Aziýadan we ABŞ-dan soň dünýäde üçünji sebit awtomobil bazarydyr. Hünärmenleriň bellemegine görä, bazarda içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtomobilleriň satuwy azalýar. Elektromobilleriň satuwynyň ösüşi bolsa heniz onuň öwezini dolup bilmeýär.
Aýratynam, täze awtomobilleriň satuwy Germaniýada, Fransiýada we Italiýada ep-esli azaldy. Beýik Britaniýada we Ispaniýada bolsa, tersine, birneme ýokarlandy.
Ýeri gelende bellesek, käbir ýurtlarda geçen aýda elektromobil satuwynyň ösüşi diýseň ýokary boldy. Mysal üçin, ol Beýik Britaniýada 24%, Germaniýada 8,7% ýokarlandy. Umuman alanyňda, ýylyň başyndan bäri sebitde elektromobil satuwy 2023-nji ýylyň dokuz aýy bilen deňeşdirilende 2,6% azaldy.


düýn 18:36
2.6k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......