Patek Philippe soñky 25 ýylda ilkinji gezek täze sagat kolleksiýasyny hödürledi

  • 23.10.2024 19:13
  • 9.9k+

Şweýsariýanyň sagat öndüriji kompaniýasy Patek Philippe bazara Cubitus ady bilen täze sagat hataryny çykardy. Bu kompaniýanyň 1999-njy ýyldan bäri ilkinji täze kolleksiýasy diýip, CNBC kanaly habar berýär.

Kolleksiýa üç modelden ybarat: ikisi – polat korpusly we biri – platinaly. Öndürijiniň bellemegine görä, kolleksiýa “aňrybaş sport stiliniň täze düşündirişidir”. Iki polat görnüşiň gülgüne altynly iki reňklisi wintaž duýgyny döretmek üçin niýetlenen, beýlekisi bolsa doly polat bolup, sport ruhuna laýyk gelýär we reňkli siferblat bilen tapawutlanýar. Platina modeli giňeldilen funksionala, şol sanda hepdäniň günlerini we Aý döwürlerini görkezmek üçin aýratyn siferblata eýe boldy. 
Täze sagatlar döwrebap tehnologiýalar, şol sanda ultra-inçe öz-özi tow berilýän mehanizm we 18 millisekuntda dürli displeýlerdäki görkezmeleriň gabat gelmegini üpjün edýän çalt geçiş mehanizmi bilen enjamlaşdyryldy.
Patek Philippe kompaniýasy Audemars Piguet we Vacheron Constantin bilen bir hatarda lýuks sagatlary öndürijileriň “uly üçlügine” girýär. Kompaniýa 1839-njy ýylda esaslandyryldy. Patek Philippe Grandmaster Chime dünýäde iň gymmat goşar sagatlary hökmünde rekordy saklaýar – olar 2019-njy ýylda Christie’s auksionynda 31 mln dollara satyldy. Iň gymmat jübi sagatlary 1930-njy ýyllaryň başynda çykarylan we 2014-nji ýylda auksionda 24 mln dollara satylan altyn Henry Graves Supercomplication hasaplanylýar.

düýn 13:07
3.7k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.5k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....