Marsda hlor zyňyndylarynyň syrly çeşmeleri tapyldy

  • 23.10.2024 17:43
  • 5.7k+

“ExoMars-TGO” zondunda oturdylan rus ACS guraly, Marsyň atmosferasyndaky hlor birleşmeleriniň konsentrasiýasynda adaty bolmadyk durnuksyzlygy hasaba aldy. Bu açyş barada, Russiýa Ylymlar akademiýasynyň kosmos gözlegleri institutynyň gözlegçisi Mihail Luginin Gün ulgamynyň gözlegleri boýunça XV Moskwa simpoziumynda habar berdi.

Alnan maglumatlar, planetanyň üstki bölegine golaý ýerleşýän hlor çeşmeleriniň bardygyny görkezýär.
Gözlegçiler ilkinji gezek planetanyň Günden iň uzak aralykda ýerleşýän döwründe (afeliý) Marsyň atmosferasynda duz kislotasyny tapdylar.

“Bu açyş bize häzirki Mars ýylynda (2022-nji ýylyň dekabry - 2024-nji ýylyň noýabry) Marsyň atmosferasyndaky hlor birleşmeleriniň konsentrasiýasynyň durnuksyzlygyna gözegçilik etmäge itergi berdi” – diýip, TASS Lugininiň sözlerini getirýär.

Geçirilen gözlegler, planetanyň demirgazyk ýarym şarynda, esasanam, Patera Alba wulkanyna ýakyn ýerlerde hlor çeşmeleriniň bardygyny görkezdi.
Bu açyş Marsda “sönen” wulkanlary öwrenmegiň möhüm serişdesine öwrüldi, sebäbi şeýle hlor zyňyndylary wulkan işjeňligi bilen baglanyşykly bolup biler.
Gözlegçi: “Bu hlor birleşmeleriniň zyňyndylarynyň tapylan ýerlerini Marsyň kartasyna geçirsek, onda olaryň hemmesiniň diýen ýaly Patera Alba wulkanynyň eňňitlerinde ýerleşýändiklerine göz ýetireris. Wulkanyň töweregindäki jaýrylan ýerler hlor birleşmeleriniň çeşmesi bolup biler”.
“ExoMars” missiýasy Russiýa bilen Ýewropanyň bilelikdäki taslamasydyr. Missiýanyň orbital bölegi 2016-njy ýylda Marsa iberildi we ol häzir hem Gyzyl planetanyň atmosferasynyň düzümini we aýratynlyklaryny öwrenmegini dowam etdirýär. “ExoMars”-yň ikinji missiýasy, 2022-nji ýylyň başynda kosmosa çykarylmagyndan birnäçe aý öň Ýewropa tarapynyň karary bilen ýatyryldy.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....