Türkmenistanyň ilçisi "Rossotrudniçestwanyň" ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 21.10.2024 16:55
  • 4k+

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew RF-niň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlaryň işleri we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça Federal agentligiň ýolbaşçysy Ýewgeniý Primakow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy habar berdi.

Duşuşykda söhbetdeşler ynsanperwer hyzmatdaşlygy babatynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirmek meselelerine garadylar. Primakow döwletara ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklaryň ösüşine ýokary baha berdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ilçi Aýdogdyýew Moskwada Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylmagy, 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen birnäçe döwlet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen üstünlikli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara derejeli forum, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri barada belläp geçdi.


08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......