Aşgabatda TÜRKSOÝ-nyň teatr festiwaly tamamlandy

  • 21.10.2024 16:31
  • 3.9k+

20-nji oktýabrda Aşgabatda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly tamamlandy. Bu çäre 18-20-nji oktýabr aralygynda 2024-nji ýylda gadymy Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegine hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy diýip, TDH habar berýär.

Üç günüň dowamynda paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary döredijilik täzeliklerinden, ýatdan çykmajak duşuşyklardan doly dostluk baýramyna öwrülen festiwaldan ruhy lezzet aldylar. Artistleriň ähli çykyşlary Aşgabadyň iň naýbaşy sahna meýdançalarynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatrynyň, Gazagystan Respublikasynyň Mangistau welaýatynyň Nurmuhan Žanturin adyndaky sazly drama teatrynyň, Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-köl welaýatynyň Kasymaly Žantoşew adyndaky sazly drama teatrynyň, Türkiýe Respublikasynyň Siwas döwlet teatrynyň döredijilik toparlary festiwala öz iň gowy sahna eserlerini getiripdirler.

20-nji oktýabrda irden teatr forumyna gatnaşyjylar “Seýit Jemaleddin” binagärlik toplumyna baryp gördüler. Onda milli medeniýetimiziň we geçmişimiziň ýadygärlikleri jemlenendir. Häzirki wagtda Änew şäheri barha pajarlap ösýär, bu ýerde medeni-durmuş maksatly binalar yzygiderli gurulýar. “Seýit Jemaleddin” metjidi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen beýleki ýadygärliklerimiz ýaly, iň gelim-gidimli ýerleriň biridir. Metjit we onuň gymmatlyklary döwlet tarapyndan goralýar.
Festiwalyň çäklerinde Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik topary “Akyldar” atly sahna oýnuny görkezdi. Änewiň taryhy ýadygärliklerine bagyşlanan TÜRKSOÝ-nyň suratkeşleriniň biýennaly festiwalyň çäklerindäki möhüm çäreleriň biri boldy. Medeni mirasa goýulýan hormatyň nyşanyna öwrülen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralan bu çärede täze döredijilik eserleri görkezildi.
Festiwalyň jemleýji gününde geçirilen TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň teatr ýolbaşçylarynyň 10-njy mejlisinde teatr sungatyny ösdürmegiň häzirki zaman ýörelgeleri, geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Agşam Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Çykyşlarda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” atly taslamanyň çäklerinde geçirilen çäreleriň umumy maddy, medeni we ruhy gymmatlyklary gorap saklamakda, ösdürmekde we geljek nesillere ýetirmekde hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilendigi bellenildi.
Sahna sungatynyň gözden geçirilişine gatnaşanlara diplomlar, baýraklar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.


düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

26.06.2026 20:34
1.5k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.9k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....