Wýetnama täze prezident saýlanyldy

  • 21.10.2024 16:03
  • 8.7k+

Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň sekretariatynyň hemişelik agzasy general Lyong Kyong ýurduň prezidenti wezipesine saýlanyldy. Bu barada VnExpress habar gullugyna salgylanyp, vedomosti.ru habar berýär.

Ony prezident saýlamak karary Mejlisiň ähli wekilleri, ýagny jemi 440 adam tarapyndan kabul edildi. Şondan soňra Lyong Kyong kasam kabul etmek üçin münbere çykdy.
Wýetnamyň täze saýlanylan prezidenti häzir 67 ýaşynda, ol 1975-nji ýylda ýurduň harby goşunynyň düzümine goşuldy. Ondan öň Lyong Kyong syýasy komissar, goşun okrugynyň baş müdirliginiň orunbasary we Wýetnamyň esasy syýasy müdirliginiň başlygy wezipelerinde işledi.
Wýetnamyň 2013-nji ýyldaky Konstitusiýasyna laýyklykda, prezident deputatlaryň arasynda Milli Mejlis tarapyndan saýlanýar. Mundan öň, 2024-nji ýylyň 22-nji maýynda To Lam Wýetnamyň prezidenti bolup, Wýetnamyň dolandyryjy partiýasynyň Merkezi komitetiniň baş sekretary wezipesine saýlanylypdy.


şu gün 12:01
649

Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary To Lama Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli......

07.04.2026 21:02
2.1k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

01.04.2026 19:38
6.8k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

16.03.2026 14:21
2.7k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär...