Disney Ajaýyp şazada hakynda film taýýarlaýar

  • 21.10.2024 11:50
  • 2k+

Disney studiýasy Ajaýyp şazada hakda film çykarar. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Filmiň režissýory hökmünde “Paddingtonyň başdan geçirmeleri”, “Wonka” filmleri bilen tanalýan Pol King çykyş eder.

Ssenariýanyň üstünde Kingiň hyzmatdaşy Saýmon Farnabi işledi. Reliziň senesi we sýužet barada giňişleýin maglumatlar häzirlikçe belli däl. The InSneider portalynyň bellemegine görä, esasy rola “Toruň” ýyldyzy Kris Hemswort dalaş edýär.
Ajaýyp şazada “Zoluşka”, “Garpamyk”, “Ukudaky gözel” ýaly şa gyzlary hakyndaky köp ertekileriň personažy bolup, ol, adatça, esasy gahrymany halas edýär, onuň bilen toý tutýar. Ýöne şol bir wagtyň özünde-de, ol hemişe ikinji derejeli gahryman bolup galýar. Bellemeli ýeri, täze film ýokarda agzalan ýa-da beýleki ertekiler bilen baglanyşykly bolman, Şazada barada özbaşdak bir waka bolar.


düýn 11:31
1.9k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
18k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....