Sekuntda bir terabit: Maglumatlary simsiz geçirmekde rekord täzelendi

  • 21.10.2024 11:31
  • 4.2k+

London uniwersitet kollejiniň (UCL) hünärmenleri maglumatlary simsiz geçirmegiň tizligi boýunça täze rekord goýdular - sekuntda 938 gigabaýt (Gbit/sek). Bu görkeziji ýapon barlagçylarynyň (640 Gbit/s) gazanan iň ýokary derejesinden ep-esli ýokarydyr diýip, Lightwave Technology žurnalynda çap edilen barlagyň netijesinde aýdylýar.

Deňeşdirmek üçin 5G ykjam aragatnaşykdaky geçiriş tizligi 20 Gbit/s, simsiz aragatnaşygyň täze Wi-Fi 7 standarty bolsa, takmynan, 40 Gbit / sek tizlik bilen maglumat alyş-çalşyny üpjün edýär. Mundan başga-da, gürrüň iki ýagdaýda-da iň ýokary tizlik hakda gidýär - gündelik durmuşda ol has pes.
Agzalýan tizlikde 4K filmini bary-ýogy 0,12 sekuntda göçürip alyp bolar. Täze usul iki segmente bölünen 5-150 GGs ýygylyk diapazonyny ulanýar: aşaky diapazonda sanly-analog öwrüjiler (DAC), fotonik radio signal öwrüjileri bolsa ýokarky diapazonda işleýär. Bu aragatnaşyk kanalynyň ýokary geçirijilik ukybyny üpjün etdi.
Bu tehnologiýa köpçülikleýin bazar üçin simsiz torlaryň tizligini ep-esli ýokarlandyryp bilse-de, simli aragatnaşyk ulgamlarynyň ornuny tutup bilmez. Optiki süýümli aragatnaşyk boýunça has ýokary maglumat geçiriş tizligi sekuntda 22,9 petabit bolup, UCL-iň häzirki gazananlaryndan müňlerçe esse ýokarydyr. Şeýle-de bolsa, iňlis alymlarynyň ösüşi ýakyn 3-5 ýylda sarp edijiler we önümçilik goşundylaryndaky aragatnaşygy gowulandyrmak üçin möhüm bolup biler.


20.02.2026 21:38
2.6k+

Hytaýly alymlar simsiz aragatnaşygy rekord 400 Gbit/s çenli tizlige çykaryp bildiler

Pekin uniwersitetiniň alymlary Pençen barlaghanasy, Şanhaý tehnologiýa uniwersiteti we maglumat optoelektronika pudagynda Milli innowasiýalar merkezi bilen hyzmatdaşlykda optiki süýümli we simsiz maglumat geçirijiligi birleşdirýän dünýäde ilkinji gibrid ulgamy işläp düzdi...

20.02.2026 18:09
2.4k+

Baktériýadan hem kiçi QR-kod döredildi: göze görünmeýän rekord

Alymlar dünýäde iň kiçi QR-koduny döretdiler. Ol eýýäm Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.  Koduň ölçegi öňki hasaba alnan rekordyň üçden bir bölegi ýaly, şonuň üçin ony adaty göz bilen görjek gümanyň ýok. «Biziň döreden gurluşymyz şeýle bir inçe welin, ony optiki mikroskoplaryň kömegi bilenem görüp bolmaýar» diýip, professor Pol Maýrhofer düşündirdi...

11.02.2026 14:50
4.7k+

Hytaýda 1100-den gowrak toparyň gatnaşmagynda dünýäde iň uly «kwiddiç» ýaryşy geçirildi

Hytaýyň Çendu şäherinde dron futboly boýunça Ablefly milli çempionatynyň final tapgyry tamamlandy. 7-9-njy fewral aralygynda howa menziliniň Halkara maslahat merkezinde geçirilen bu ýaryş öz gerimi boýunça dünýäde iň uly ýaryş boldy...

10.02.2026 13:53
3.5k+

Beýik Britaniýada batareýa bilen işleýän ilkinji ýolagçy otlusy ulanmaga berildi

Beýik Britaniýada sap batareýa bilen işleýän ilkinji ýolagçy otlusy ulanmaga berildi. Interesting Engineering neşiriniň habar bermegine görä, otly «Great Western Railway» (GWR) operatorynyň «Greenford» şahasyna yzygiderli gatnawlara başlady...