Chery hakyky uçýan awtomobilini hödürledi: ol 1000 m belentlige galyp bilýär

  • 21.10.2024 11:18
  • 9.3k+

Chery kompaniýasy Hytaýyň Anhoý welaýatynda geçirilen Chery 2024 global innowasiýa konferensiýasynda özüniň Land and Air Vehicle atly uçýan awtomobilini hödürledi. Kompaniýanyň bu ulag serişdesi häzir hem işläp taýýarlama tapgyryndadyr. Ýöne ol şonda-da 80 km synag uçuşyny üstünlikli ýerine ýetirdi diýip, kompaniýa habar berdi.

Bu gibrid uçýan awtomobiliň ruly, gaz pedaly ýok we ol üç bölekden: uçýan bölekden, intellektual kabinadan we şassiden ybarat. Uçýan awtomobil awtonom uçuş režimi bilen ýerüsti hereket režiminiň arasynda üýtgedilip bilner. Kompaniýa şäher ýerlerinde gysga aralyga uçuşlaryň dyknyşyklary azaltmaga mümkinçilik berýändigini nygtaýar. Uçuş režiminde awtomobil dik uçup we gonup bilýär.


Bu awtomobil Chery S2ma-scalable intellectual Mars arhitekturasyna esaslanýar we iki adamy gatnatmak üçin niýetlenendir. Uçuş beýikligi 1000 metre barabar, iň ýokary tizlik bolsa 120 km/sag ýetýär, howadaky wagt, takmynan, 40 minut.
Häzirki wagtda Xpeng, GAC, SAIC we Geely öz uçýan awtomobillerini üstünlikli görkezdiler. Uçýan awtomobilleriň häzirki ösüş tendensiýasyndan ugur alsaň, olaryň täjirleşdirilmegi, Hytaýda we beýleki käbir sebitlerde eýýäm işjeň ulanylýan sürüjisiz awtomobiller bilen bolşy ýaly, garaşylandan has çalt bolup biler.


24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....