“Dýuna: Welilik” filminiň resmi treýleri hödürlendi

  • 20.10.2024 22:05
  • 5.3k+

HBO “Dýuna: Welilik” (Дюна: Пророчество) serialynyň giňişleýin treýlerini görkezdi. Onuň premýerasy 17-nji noýabrda bolar.

Taslama asyl “Dýunanyň” prikweli bolup, sýužetiň wakalary Pol Atreýdesiň (Timoti Şalame) hökümdarlygyndan 10 müň ýyl öň ýaýbaňlanýar. Wakanyň merkezinde aýallaryň gizlin ordeni Bene Gesserit durýar. Iki aýal dogan Harkonnen (Emili Uotson, Oliwiýa Uilýams) güýçli howpa garşy göreşmek üçin tagallalaryny birleşdirýär.
Film Braýan Gerbertiň we Kewin J.Andersonyň “Dýuna uýalygy” (Сестричество Дюны) romanyna esaslanýar. Filmde Mark Strong, Trewis Fimmel, Jessika Barden, Tabu we beýlekiler surata düşdi. Şouranner hökmünde Elison Şapker (“Serhet”) çykyş etdi. Birinji möwsüm alty bölümden ybarat.


düýn 11:31
1.9k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
18k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....