“Gladiator 2-niň” ilkinji tomaşaçylary ony “taryhda iň gowy filmleriň biri” diýip atlandyrýarlar

  • 20.10.2024 15:53
  • 8.8k+

18-nji oktýabrda Los-Anjelesde (ABŞ) Ridli Skottuň köp wagt bäri garaşylýan peplumynyň dowamy bolan “Gladiator 2-niň" ilkinji görkezilişi boldy. Film Kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasynyň hem-de SAG-yň kärdeşler arkalaşygynyň agzalaryna görkezildi, ilkinji synlar guwandyryjy boldy diýip, Variety ýazýar.

Täze filmde wakalar asyl wakadan (birinji filmdäki wakalardan) 25 ýyl soň bolup geçýär we baş gahryman Kommodanyň ýegeni Lýusiýdir.
Köp tomaşaçylar ekşn-sahnalaryny, filmiň gerimini, Garri Gregson-Uilliamsyň sazyny, şeýle hem aktýorlar düzüminiň ajaýyp işini, esasanam, Pol Meskaldyr Denzel Waşingtony öwýärler.
Bir synçy şeýle ýazdy: “Gladiator 2 diňe bir ýylyň iň gowy filmi bolman, eýsem, taryhda hem iň gowy filmleriň biridir. Bu kino bolan söýgini gaýtaryp berýän filmleriň biridir. Bu garaşylandan has ýokary, aktýorlyk işi ajaýyp (Denzel Waşington hökman ýene bir “Oskar” alar), aýdym-sazy asyl nusgasyndaky ýaly ajaýyp, edebi esasy birkemsiz we ekşn-sahnalar üýtgeşik epiki".
Beýleki tomaşaçylar hem onuň aýdanyny gaýtalaýarlar:

“Rimliler, arkaýyn bolaýyň. “Gladiator 2” diňe Ridli Skottuň surata düşürip biljek ägirt uly kinematografiki eseri. Munda hemme zat ýerbe-ýer".
"Kinonyň taryhynda iň uly ekşn-sahnaly, gerimi boýunça epiki film."

“Gladiator 2-niň” dünýäde ilkinji görkezilişi 15-nji noýabrda kinoteatrlarda bolar we 22-nji noýabrda ABŞ-da görkezilip başlanar.


şu gün 11:31
701

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.5k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
14k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....