Hytaýda iň kiçi dinozawr ýumurtgasy tapyldy: onuň 80 mln ýyl ýaşy bar

  • 19.10.2024 19:44
  • 11k+

Hytaýly alymlar Szýansi welaýatynyň Meýlin şäherinde häzire çenli belli gazylyp tapylan dinozawr ýumurtgalaryndan iň kiçisini tapdylar. Bu barada Hytaýyň “Keszi žibao” ylmy portaly ýazýar.

Diametri bary-ýogy 29 mm bolan ýumurtga heniz 2021-nji ýylda alty ýumurtgadan ybarat örümiň düzüminde tapyldy, ýöne alymlara ýumurtgalaryň giçki hek döwründe ýaşan teropod dinozawrlaryna degişlidigini indi tassyklamak başartdy. Tapyndynyň ýaşy 80 mln ýyl diýlip hasaplanylýar.
Ýumurtga daşa öwrülen dinozawr ýumurtgalarynyň baý çeşmesi hökmünde belli bolan Gançžou derýasynyň basseýninde tapyldy. Mundan öň Hytaýda iň kiçi diýlip 45,5x40,4x34,4 mm ululykdaky dinozawr ýumurtgasy hasaplanylýardy. Täze açyş mezozoý döwründe ýaşan dinozawrlaryň köpdürlüligini öwrenmekde möhüm ädim boldy.
Ylmy gözleg ýumurtganyň uly bolmadyk ýyrtyjy teropod dinozawryna degişlidigini görkezdi. Tapylan ýumurtganyň aýratynlygy onuň süýrümtik şekili, ýuka gabygy we düwün hem gurçuk şekilli nagyşlar bilen çylşyrymly üstüniň bolmagydyr. 
Netijeleri Historical Biology žurnalynda neşir edilen açyş dinozawrlaryň reproduktiw aýratynlyklary we olaryň ewolýusion ösüşi baradaky bilimleri ep-esli giňeldýär.


düýn 08:10
4.7k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.7k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......