Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024” halkara sergisini we maslahatyny kabul eder

  • 19.10.2024 11:04
  • 3.9k+

23 — 25-nji oktýabrda Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024” atly XXIX halkara maslahatyny we sergini geçirilmel meýilleşdirilýär. Halkara foruma görülýän taýýarlyk işleri barada wise-premýer B.Amanow Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Häzirki wagtda bu çärä gatnaşmak üçin köp sanly daşary ýurtly kompaniýalary, ýurdumyzyň kärhanalarydyr telekeçileri hasaba alyndy. Halkara sergiň işine Türkmenistanyň Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, daşary ýurt we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Ýyl-ýyldan bu çäräniň geriminiň giňemegi dürli ýurtlaryň işewür toparlarynyň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalarynyň artýandygyny görkezýär. Halkara maslahat “Ählumumy energetika bazarynda täze depginler we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi” atly plenar mejlisden we alty sany bölümçeden ybarat bolar.


20.06.2026 11:54
5.2k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......