Dünýäde iň uly jins balagy görkezildi: boýy Italiýadaky Piza diňinden hem geçýär

  • 18.10.2024 16:05
  • 17k+

Hytaýyň Guansi welaýatynyň Fumian şäherinde görkezme üçin çykarylan ägirt uly jins balagy ululygy boýunça rekordy täzeledi. Jins balagynyň uzynlygy 76,34 m (250 fut 5 dýuým), bil ölçegi 58,164 m (190 fut 10 dýuým) bolup, bu onuň boýunyň Italiýadaky Piza diňi (55 m; 180 fut) bilen Azatlyk heýkeliniň (93 m; 305 fut) aralygynda durýandygyny aňladýar diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilýär.

Uzynlygy 5,5 km matadan taýýarlanan bu balak 7,8 m uzynlykdaky syrma we diametri 1,2 m bolan poslamaýan polatdan ýasalan uly ilik bilen üpjün edildi, onuň agramy bolsa 3,6 tonna barabar.
Mundan öň iň uly jins balagynyň beýikligi 65,50 m, ini 42,70 m barabardy, ol 2019-njy ýylyň 19-njy fewralynda Peruwyň Lima şäherinde Paris Peru tarapyndan döredildi.
Önüm Ýuýlin şäherinde Yixing Textile Co., Ltd kompaniýasy tarapyndan öndürildi, taslamadan we dokmaçylykdan başlap, biçime we tikime çenli ähli işler özbaşdak ýerine ýetirildi.


Bu jins balagyny taýýarlamak üçin 18 gün sarp edildi we 30-dan gowrak tikinçi işe çekildi. 
Hytaýda gündelik jins balaklaryny öndürmek boýunça iň uly merkezleriň biri hökmünde ykrar edilen Fumian “Balaklaryň dünýä paýtagty” we “Hytaýda gündelik egin-eşikleriň meşhur şäheri” ýaly titullary uly buýsanç bilen göterýär.
Belläp geçsek, aýyň başynda Şanhaýdaky Sunset aýdym-saz festiwalynda balaklar bilen bagly ýene bir rekord goýuldy. 2352 muşdak tarapyndan gol çekilen iň uly balak New Pants rok-toparyna garaşylmadyk sowgat hökmünde berildi.


18.06.2026 22:32
3.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

18.06.2026 11:17
4.6k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.3k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......