Russiýanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri konsert we sergi bilen tamamlandy

  • 18.10.2024 11:56
  • 3.7k+

17-nji oktýabrda Aşgabatda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi.

16-njy oktýabrda Mukamlar köşgünde Adygeýiň “Nalmes” halk tanslary döwlet akademiki ansamblynyň konserti üstünlikli geçirildi. Döredijilik çäresiniň çäklerinde türkmenistanlylar Russiýanyň amaly-haşam sungaty eserleriniň we fotosuratlaryň sergisi bilen tanyşdylar.

17-nji oktýabrda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçylary üçin Moskwanyň Döwlet akademiki filarmoniýasynyň aýdymçysy, pianinoçy, P.I.Çaýkowskiý adyndaky XV halkara bäsleşigiň ýeňijisi Dmitriý Masleýew ussatlyk sapagyny geçdi. Mukamlar köşgünde “Pýotr Iliç Çaýkowskiniň ýubileýine tarap” atly nusgawy saz konserti geçirildi.
Dmitriý Masleýewiň ýerine ýetirmeginde P.I.Çaýkowskiniň we S.W.Rahmaninowyň eserleri ýaňlandy. Şeýle hem bu ýerde “Nalmes” halk tanslary döwlet akademiki ansamblynyň solistleri Türkmenistanyň tans toparlary üçin ussatlyk sapagyny geçdiler. Myhmanlar halk sahna horeografiýasynyň aýratynlyklary, gadymy adygeý tanslarynyň usulyýeti, gyzykly mowzuklar bilen baýlaşdyrylan tans-spektakllary barada gürrüň berdiler.

Russiýanyň Milli saz muzeýi tarapyndan Çaýkowskiniň döredijiligine bagyşlanan “Çaýkowskiniň planetasy” atly sergi guraldy. Sergi muzeýiň gaznasyndaky taryhy resminamalar, şahsy zatlar, fotosuratlar we nota partituralary esasynda guralyp, ol rus medeniýeti hakynda has giňişleýin maglumat almaga ýardam etdi.
Döredijilik çäresine gatnaşyjylar Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini jemläp, onuň parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakdaky, medeniýetleriň baýlaşmagyndaky, doganlyk halklaryň özara düşünişmegini berkitmekdäki ähmiýetini bellediler. Myhmanlar türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik, şeýle hem Türkmenistan bilen has içgin tanyşmaga, onuň halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny öwrenmäge döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna hoşallyklaryny beýan etdiler.


şu gün 00:03
2.5k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.6k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

25.06.2026 17:08
11k+

160 kg altyn teňňe ýitdi: Sankt-Peterburgda «asyryň ogurlygy» derňelýär

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde bankyň saklawhanasyndan altyn maýa goýum teňňeleriniň ogurlandy. Häzir bu jenaýat boýunça uly iş gozgalyp, derňew işleri alnyp barylýar. Derňewiň maglumatlaryna görä, ýiten......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......