Hindistanly inžener dünýäde iň kiçi kir ýuwujy maşyny döretdi

  • 17.10.2024 14:47
  • 13k+

Hindistanly inžener Sebin Saji dünýäde iň kiçi kir ýuwujy maşyny döretdi. Onuň ululygy bary-ýogy 3,2 x 3,3 x 3,8 santimetre barabar diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilýär.

Rekordy hasaba aldyrmak üçin, Saji iň kiçi kir ýuwujy maşynyň işleýändigini we onuň doly ýuwmak, durlamak we sykmak tapgyrlaryny ýerine ýetirýändigini görkezdi.
Maşyny ölçemek üçin ol ýörite sifrli ştangensirkullary ulanmaly boldy. Bu gurluşyň agramy bary-ýogy 25 g bolup, ol tas iki Oreo kökesine deňdir.
Wideoda Sebin öz kir ýuwujy maşynynyň işleýşini görkezýär: oňa mata bölegini salyp, bir çümmük arassalaýjy tozy atýar, suw guýýar we ony ýapyp, işledýär.
Sebin öz rekord maşynyny arzuwyny hasyl etmek we “Ginnesiň rekordlar kitabynyň bir bölegi” bolmak üçin döredendigini aýtdy.


24.06.2026 09:29
4k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

18.06.2026 22:32
4.7k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

18.06.2026 22:08
3k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......