Türkmenistanda iň gowy keşde nagşyny saýlamak boýunça SMS arkaly ses bermeklik başlandy

  • 17.10.2024 14:25
  • 6.5k+

16-njy oktýabrda Türkmenistan boýunça “Türkmen keşdeçilik  sungaty – milli  mirasymyz” atly bäsleşikde SMS arkaly ses bermeklik başlandy. Bu barada türkmen telewideniýesiniň Mahabat müdirligi habar berdi.

3 günläp dowam etjek ses bermekligiň barşynda ýurdumyzyň raýatlaryna bäsleşige hödürlenen keşde nagyşlarynyň arasynda iň gowusyny saýlamak teklip edilýär.
Bäsleşige hödürlenen işleri şu salga basmak arkaly görüp bilersiňiz.
Bäsleşikde halan toparyňa ses bermek üçin 0560 gysga belgisine toparyň san belgisini SMS arkaly ugratmaly.
Bäsleşige gatnaşýan toparlar we olaryň san belgileri:

  • Daşoguz welaýatynyň keşdeçileri – 322
  • Lebap welaýatynyň keşdeçileri – 422
  • Mary welaýatynyň keşdeçileri – 522
  • Ahal welaýatynyň keşdeçileri – 137
  • Balkan welaýatynyň keşdeçileri – 222
  • Arkadag şäheriniň keşdeçileri – 111
  • Aşgabat şäheriniň keşdeçileri – 012

Bäsleşigiň  jemleýji döwlet tapgyry 19-njy oktýarbrda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçiriler. Şol ýerde hem ses bermeklik tamamlanar.
Bäsleşik türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlap, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň,  ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramaklarynda geçirilýär.


düýn 10:10
2.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.5k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......