Türkmenistan ŞHG-niň sammitinde geljegi uly taslamalar barada aýtdy

  • 17.10.2024 13:16
  • 6.5k+

16-njy oktýabrda Pakistan Yslam Respublikasynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky gatnaşdy diýip, DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

R.Meredow çykyşynda häzirki wagtda Türkmenistan bilen ŞHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlyga täze itergi bermek üçin obýektiw we hakyky mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Şunuň bilen baglylykda, ŞHG agza ýurtlar we hyzmatdaşlar bilen, hususan-da TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy ýaly territorial we gurluş taýdan özara baglanyşykly geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ünsi jemlemek teklip edildi.


Ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meselesine degip geçen türkmen wekiliýeti, Hazar deňziniň gündogar kenarýakasy boýunça Eýrana we Hindistana çykalgasy bolan «Demirgazyk - Günorta» ulag geçelgesiniň ähmiýetini nygtady.
Söwda dolanyşygyny mundan beýläk hem ýokarlandyrmak we işewür toparlaryň arasynda göni aragatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.


düýn 11:41
3.4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......