Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet günleri badalga aldy

  • 17.10.2024 12:01
  • 2.3k+

16-njy oktýabrda Aşgabatda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Sahnada Russiýa Federasiýasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ajaýyp konserti ýaýbaňlandyryldy. Medeniýet günlerinde Russiýa wekilçilik etmek hukugyna Adygeýiň «Nalmes» halk tanslary döwlet akademiki ansambly eýe boldy. Toparyň düzüminde çylşyrymly horeografik çykyşlary ýokary derejede ýerine ýetirmäge ukyply ökde tansçylar bar. Ansamblyň çykyşy «Islameý» diýlip atlandyrylýan gadymy tans bilen başlandy.
Çykyşlaryň maksatnamasyna hanjarly tans, adygeý halk tanslary, «Nalmes tans edýär» atly horeografik çykyş hem girizildi. «Nalmes Nalkut» atly horeografik nowellada kawkaz halklarynyň milli tans hereketleri bilen utgaşýan nusgawy tanslar ýerine ýetirildi. Konsert gadymy halk saz gurallarynda ýerine ýetirilen “popurri” çykyşy bilen dowam etdi.
Mukamlar köşgüniň eýwanynda W.D.Polenow adyndaky Russiýanyň Döwlet halk döredijilik öýüniň guramagynda fotosuratçylaryň işleriniň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Medeniýet günleriniň çäklerinde wekiliýet agzalary Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desselerini goýdular hem-de Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüler.
Şeýle hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda P.I.Çaýkowskiý adyndaky XV halkara bäsleşigiň ýeňijisi, Moskwanyň Döwlet akademiki filarmoniýasynyň aýdymçysy, pianinoçy Dmitriý Masleýew ussatlyk sapagyny geçdi.
Şu gün, 17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Adygeýiň «Nalmes» halk tanslary döwlet akademiki ansamblynyň aýdymçylary paýtagtymyzyň sazçylyk mekdeplerinde okaýan talyplar we tans toparlary üçin ussatlyk sapagyny gurar.
Russiýadan gelen myhmanlar üçin Aşgabadyň gözel ýerlerine gezelençleri we muzeý gymmatlyklary bilen tanyşlyklary öz içine alýan medeni maksatnama taýýarlanyldy.


düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

25.06.2026 17:08
11k+

160 kg altyn teňňe ýitdi: Sankt-Peterburgda «asyryň ogurlygy» derňelýär

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde bankyň saklawhanasyndan altyn maýa goýum teňňeleriniň ogurlandy. Häzir bu jenaýat boýunça uly iş gozgalyp, derňew işleri alnyp barylýar. Derňewiň maglumatlaryna görä, ýiten......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......