Türkmenistan Parižde ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 220-nji sessiýasyna gatnaşýar

  • 17.10.2024 11:52
  • 1.8k+

14-nji oktýabrda Parižde ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 220-nji sessiýasynyň çäklerinde gurama agza-ýurtlaryň ÝUNESKO–nyň işleri barada Milli toparlarynyň däbe öwrülen iki günlük duşuşygy geçirildi. Duşuşykda türkmen tarapyna ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa wekilçilik etdi diýip, ORIENT habar berýär.

220-nji sessiýa 9-njy oktýabrda öz işine başlady we 23-nji oktýabra çenli dowam eder.
Çäräniň barşynda geçen sessiýalaryň dowamynda Ýerine ýetiriji geňeş we Baş konferensiýa tarapyndan kabul edilen çözgütleriň we kararnamalaryň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly gün tertibiniň 30-dan gowrak meseleleriniň, maliýe, administratiw we beýleki soraglar ara alnyp maslahatlaşylýar.
Iki günlük duşuşygyň umumy mejlisinde ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň Afrika boýunça orunbasary jenap Firmin Eduardo Motoko, ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň medeni işler boýunça orunbasary jenap Ernesto Ottone, şeýle-de ÝUNESKO-nyň medeniýet pudagynda aragatnaşyk, şäherler we çäreler bölüminiň, ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň torunyň ugrukdyryjy bölüminiň (UCCN) direktory hanym Deniz Baks çykyş etdiler.
Mejlisde möhüm meseleleriň, şol sanda köptaraplaýyn başlangyçlara we çözgütlere aýratyn ähmiýet berýän Geljegiň sammitiniň netijeleriniň, şeýle hem ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilen şäherleriň özara gatnaşyk tejribelerini gowulandyrmak baradaky meseleleriň maslahatlaşylmagyna üns berildi.
Nobatdaky mejlisiň ilkinji gününde arakesme wagty ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Parižde Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan resmi günortanlyk nahary berlip, oňa ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekiller, ilçiler, TÜRKSOÝ guramasyna agza-ýurtlarynyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlarynyň baş sekretarlary çagyryldy. Onuň dowamynda Ç.Rüstemowa ýygnananlary öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanda başlyklyk ediji ýurt hökmünde alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem ol mirasyň gadymy ýadygärliklerini gorap saklamak we wagyz etmek hem-de olary ÝUNESKO-nyň sanawlaryna girizmek boýunça sebitiň ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmek meseleleri boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdi.
ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlarynyň däbe öwrülen mejlisiniň çäginde türkmen tarapy ÝUNESKO-nyň “Maddy däl mirasy goramak” baradaky Konwensiýasynyň sekretary Fumika Ohinata we Döredijilik şäherleriniň torunyň başlygy hanym Denis Baks bilen duşuşyklary geçirip, onda hyzmatdaşlyk meseleleri we geljekki döwür üçin meýiller ara alnyp maslahatlaşyldy.


14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......