1,6 million km uzaklykdan  biz nähili görünýäris? Hera apparaty suratlary iberdi

  • 17.10.2024 10:53
  • 8.1k+

2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Ýewropa kosmos agentligi (ESA) SpaceX bilen bilelikde Falcon 9 kysymly göteriji raketany ulanyp, Hera apparatyny uçurdy. Bu missiýanyň esasy maksady – NASA-nyň 2022-nji ýylda traýektoriýasyny üýtgetmek üçin synag geçiren Dimorfos asteroidini jikme-jik öwrenmekdir.

Şeýle-de bolsa, häzirlikçe maksadyna barýan ýolda Ýerden 1,6 million kilometr aralykda ýerleşýän apparat planetamyzyň we Aýyň ilkinji suratlaryny Ýere iberdi.
Suratlar üç dürli enjamdan alyndy.
Birinji suratda AFC kamerasy 11-nji oktýabrda Ýeriň Ýuwaş ummanynyň Gün şöhlesi düşýän tarapyndan şekilini surata aldy. Bu kamera 1020x1020 durulykda monohrom görünýän ýagtylyk datçiginden ybarat. AFC ylmy barlag we nawigasiýa üçin ulanylar.

Beýleki bir surat infragyzyl surata düşürmek üçin döredilen TIRI guraly bilen alyndy. Bu gural geljekde asteroidiň üstüniň fiziki häsiýetlerini kesgitlemäge kömek eder. Suratda Ýer ABŞ-nyň gündogar kenarlary we Atlantik ummany tarapdan  görünýär.

HyperScout H apparaty bilen alnan üçünji surat Ýeriň we Aýyň ýalňyş reňkli şekili. Niderlandlarda döredilen bu gural Dimorfos we Didimos asteroidleriniň mineral düzümini seljermek üçin ulanylar.


04.06.2026 19:55
5k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

02.06.2026 12:47
5.8k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

30.05.2026 01:11
1.4k+

NASA Aý missiýalary üçin döreden aşa çydamly we arzan materialyny synagdan geçirdi

NASA-nyň Glenn barlag merkezinde Aý tozanynyň meňzeşinden gyzgynlyga çydamly we ykdysady taýdan bähbitli täze bir material işlenip düzüldi. Ol geljekki Aý missiýalarynda kosmonawtlaryň enjamlaryny goramak we......