Mask 100 müň sany Nvidia H200 tizlendirijisini 19 günde gurnady. Adatça, munuň üçin 4 ýyl gerek

  • 16.10.2024 18:18
  • 9.3k+

Ilon Mask we xAI topary bary-ýogy 19 günde 100 müň sany Nvidia H200 Blackwell hasaplaýjy tizlendirijisini gurnady. Nvidia-nyň baş direktory Jensen Huang şuňa meňzeş taslamany amala aşyrmagyň adaty maglumat merkezinde dört ýyl töweregi wagt alýandygyny aýtdy diýip, Tom's Hardware neşiri ýazýar.

Çäräniň gerimine düşünmek üçin, Nvidia-nyň ýolbaşçysy şeýle ýumuş ýerine ýetirilende meýilnamalaşdyrmak üçin üç ýyl, soňky ýylyň bolsa - enjamlary eltmeklige we oturtmaklyga sarp edilýändigini düşündirdi. Huang taslamanyň tizligine we gerimine haýran galyp, Maskyň we onuň toparynyň tagallalaryny "adatdan daşary" diýip atlandyrdy.

“Ilon Mask – adatdan daşary adam. Beýlekileriň azyndan bir ýylda bitirjek işini ol 19 günde etdi" - diýip, Huang belledi.

Gurnama prosesi diňe tizlendirijileri oturtmaklygy öz içine almak bilen çäklenmän, 200 müň grafiki prosessor üçin suwuk sowadyş we elektrik ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan täze binanyň gurluşygyny hem öz içine aldy. Enjamlaryň eltilmegi we sazlanyp gurulmagy üçin Tesla-nyň we Nvidia-nyň inženerler toparynyň utgaşykly işi gerek boldy.
Täze gurlan superklasterde enjam gurandan soň, kompaniýa hatda xAI emeli aňynyň ilkinji tälim işini başlamagy hem başardy.
Şeýle hem Huang Nvidia tor infrastrukturasynyň çylşyrymlydygyny belläp, tizlendirijileri birleşdirmegiň adaty maglumat merkezlerindäkä garanyňda has çylşyrymlydygyny nygtady. 100 müň sany H200 wideokartyň birleşdirilmegi "görlüp-eşidilmedik üstünlik" hökmünde häsiýetlendirildi, muny gaýtalamak başga bir kompaniýa bu golaýda başartmasa gerek.


17.06.2026 11:11
1.3k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......