iPad Mini yglan edilenden we iPhone 16 boýunça çaklamalardan soň Apple -iň paýnamalary taryhda iň ýokary derejä ýetdi

  • 16.10.2024 23:46
  • 4.5k+

Sişenbe güni Apple-iň paýnamalary 2,7 % -  237,49 dollara çenli galyp, iň ýokary derejä ýetdi. Muňa täzelenen iPad mini-niň yglan edilmegi we iPhone 16-nyň önümçiliginiň ösüş depgini boýunça oňyn çaklamalar sebäp boldy.

Söwdalaşyk 233,85 dollar bilen pes ýapylsa-da, Apple-iň paýnamalary soňky alty aýda 35 göterimden gowrak ýokarlandy we Nasdaq 100 gazna indeksinden ep-esli öňe geçdi.
Bloomberg-iň habar bermegine görä, Apple-iň kapitalizasiýasy gysga wagtda 3,6 trillion dollardan geçdi, bu hem görlüp-eşidilmedik üstünlik boldy. Apple-iň paýnamasynyň ýokarlanmagy, Morgan Stanley-iň seljerijileriniň habar bermegine görä, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, has ýokary bolan täze iPhone 16 modellerine bolan uly isleg bilen baglanyşykly. iPhone 16 Pro we iPhone 16 Pro Max üçin sargytlara garaşmagyň möhleti gysgalsa-da, geçen hepde bilen deňeşdirilende, iki gün köpeldi.
Apple Intelligence-iň käbir aýratynlyklarynyň diňe şu aýyň ahyrynda, iOS 18.1 täzelenmesi gelensoň ABŞ-daky ulanyjylar üçin elýeterli boljakdygyny bellemelidiris. Dekabr aýynda iOS 18.2-niň çykmagy bilen has doly funksiýalar toplumy elýeterli bolar, emma Apple-iň ABŞ-yň daşyndaky beýleki müşderileri 2025-nji ýylyň martyna çenli olara girip bilmezler. Her niçigem bolsa, Apple -iň amerikan bazaryndaky täze önümlerine islegiň derejesi hem kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasynyň ösmegine itergi bermek üçin ýeterlikdir.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....