Apple kameraly akylly äýnek we AirPods çykarmagyň üstünde işleýär

  • 15.10.2024 13:26
  • 3.7k+

Apple akylly äýnek we kameraly AirPods ýaly wizual duýgurlyk ukyby bolan täze enjamlar hataryny giňeltmegiň üstünde işleýär. Bu önümler 2027-nji ýyldan soň peýda bolar.

Hasabatda aýdylmagyna görä, Apple beýleki önümlere ornaşdyrmak arkaly, Apple Vision Pro üçin kompýuter görüş tehnologiýalaryny ösdürmäge goýan millionlarça dollarlyk maýa goýumlarynyň öwezini dolmak isleýär.
Bloomberg-iň seljerijisi Mark Gurmanyň sözlerine görä, täze akylly äýnek Meta kompaniýasy tarapyndan Ray-Ban bilen hyzmatdaşlykda döredilen meşhur Ray-Ban Meta Smart Glasses-e meňzär. Geljekki akylly äýnek kameralar, dinamikler we mikrofonlar bilen enjamlaşdyrylar, ýöne üsti ýetirilen hakykatyň doly derejeli enjamlaryna öwrülmez. Linzalaryň gündizine Gün ýagtysyndan goraýja öwrülip, daşky gurşawa uýgunlaşmagyna garaşylýar. Siri üçin goldawy hem bolmagy mümkin we kiçi proýektor ulanyjynyň gözüniň öňünde howa, meýilnamalaşdyryjy, nawigator we ş.m. maglumat gurallaryny görkezip biler.
Meta akylly äýnegini 299 dollara satýar, şonuň üçin, megerem, Apple-iň gajetiniň bahasy hem edil şonuň ýaly bolar.


Mundan başga-da, insaýderiň sözlerine görä, Apple kameraly AirPods-y işläp taýýarlaýar. Gulaklyklar daş-töweregini okap bilerler, bu görüş ukyby çäkli adamlar üçin aýratyn peýdaly bolar. Şeýle-de bolsa, bu gulaklyklara kameralaryň näme üçin gerekdigi entek belli däl. Apple olaryň bolmagyny Apple Intelligence-iň AI funksiýalary bilen baglanyşdyrar diýlip çaklanylýar.


düýn 19:22
737

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...

düýn 15:17
1.3k+

Apple düzüminde ýekeje işgäri bolan invrs.io startapyny satyn aldy

Apple kompaniýasy Ýewropanyň invrs.io startapyny satyn aldy. Bu geleşigiň iň gyzykly tarapy — startapda ýekeje adam işleýär, olam onuň esaslandyryjysy Martin Şubert. Indi ol öz işini Apple-de dowam etdirýär. Bu şertnama üçin amerikan kompaniýasynyň näçe pul çykarany mälim edilmedi...

20.02.2026 11:20
1.9k+

Kameraly äýnekler, akylly tumarlar we täze AirPods: Apple-yň geljekki meýilnamalary

Bloomberg agentliginiň synçysy Mark Gurman Apple kompaniýasynyň emeli aň goldawy bolan täze dakynylýan enjamlaryň üstünde işleýändigini habar berdi. Kompaniýa Siri ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ähli täze enjamlary kameralar bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýär...

20.02.2026 10:14
341

Apple Music-de indi ýakyndaky konsertleri tapyp bolar

Apple kompaniýasy iOS 26.4 täzelenmesi bilen Apple Music hyzmatyna birnäçe möhüm funksiýalary goşýar. Bu täzelenmeler ulanyjylara söýgüli aýdymçylaryna has ýakyn bolmaga we emeli aňyň kömegi bilen täze sazlar dünýäsini açmaga mümkinçilik berer...