Hindistanda toý möwsümi başlanýar. Ol ýurduň ykdysadyýetine $70 mlrd getirer

  • 15.10.2024 16:21
  • 13k+

Hindistanda täze toý möwsümi badalga alýar. Hindistanyň Söwda konfederasiýasynyň çaklamalaryna görä, geljekki dabaralar ýurduň ykdysadyýetine 70 mlrd dollardan gowrak girdeji getirer diýip, TASS belleýär.

Hindistanda toý durmuşdaky esasy waka bolup, islendik baýramçylykdan we ýubileýden has wajyp hasaplanýar. Ene-atalar bu dabara çaga doglandan taýýarlanyp başlamak bilen, pul we galyň ýygnaýarlar. Hindi toýunyň býujeti islendik sosial gatlak üçin örän uludyr.
Adatça, toý möwsümi hasyly ýygnamagyň tamamlanmagy bilen başlanýar. Bu döwürde köp sebitlerde howanyň gyzgynlyk derejesi düşüşýär. Bu hem açyk howada geçirilýän köpçülikleýin dabaralar üçin möhümdir. Baýram etmeklik üç günläp dowam edýär we däp-dessurlar, hödür-keremler, aýdymdyr tanslar bilen geçýär.
Güýzde toýlar dekabr aýynyň ortasyna çenli tutulýar. Täze ýylda olar ýanwar aýynyň ortalaryndan mart aýyna çenli geçiriler. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, şu möwsümde Hindistanda tutuş ýurt boýunça 4,8 mln toý bolar, bu geçen ýylky 3,5 mln görkezijiden ep-esli köpdür. Bu şu ýyl maşgala gurmak üçin hindi ynançlary we astrologiýa nukdaýnazaryndan sähetli seneleriň köpdügi bilen baglanyşyklydyr. Hindistanda toý güni hökmany ýagdaýda astrolog bilen ylalaşylýar.


30.05.2026 11:21
2.3k+

Taýwanyň fond bazary ýekeje kompaniýanyň kömegi bilen Hindistandan öňe geçdi

Taýwanyň maliýe bazarlary öz taryhynda ilkinji gezek Hindistanyň fond bazaryny yzda galdyryp, 4,95 trillion dollar möçber bilen dünýäde bäşinji orna göterildi. Emma synçylar munuň tutuş ýurduň ykdysady......

24.05.2026 10:33
2.5k+

HPG: 2031-nji ýyla çenli Hindistan ykdysady ösüşi bilen ilkinji üçlüge girer

Halkara pul gaznasynyň 2026-njy ýyl üçin taýýarlan «Dünýä ykdysadyýetiniň geljegi» atly täze hasabatyna görä, 2031-nji ýyla çenli Hindistan nominal Jemi içerki önüminiň (JIÖ) göwrümi boýunça Germaniýany,......

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

16.05.2026 09:24
5.3k+

Hindistan sentýabryň ahyryna çenli şeker satmagy gadagan etdi

Hindistanyň hökümeti 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli daşary ýurtlara şeker satmagy bütinleý gadagan etdi. Bu çäklendirme dessine güýje girdi we indiki degişli buýruga çenli dowam eder....