Lamborghini Urus-yň özboluşly wersiýasy hödürlendi: 887 at güýji we kosmos dizaýnly interýeri

  • 15.10.2024 12:22
  • 7.7k+

Mansory atelýesi Venatus Coupe Evo C kupesine öwrülen ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply Lamborghini Urus awtoulagynyň özboluşly görnüşini hödürledi diýip, 32Cars.ru habar berýär.

Awtoulag tekerleriň merkezinde gulplary we garamtyl reňkleriň agdyklyk edýän içki böleginde açyk mämişi bezegi bolan gara kuzowy bilen tapawutlanýar. Futuristik atmosferany döredýän, awtoulagyň ýyldyzly içki üçegi özüne aýratyn ünsi çekdi.
Awtoulagyň kapotynyň aşagynda 887 at güýjüni öndürýän we 1100 Nm aýlama pursady bolan güýçlendirilen 4.0 litrlik V8 hereketlendirijisi bar. Iň ýokary tizligi 323 km/sag bolan bu kuwwatly hereketlendiriji 2,9 sekuntda 100 km/sag tizlige ýetýär. Bu görkeziji adaty Lamborghini Urus Performante-yň görkezijisinden has ýokarydyr.
Mansory bary-ýogy sekiz sany Venatus Coupe Evo C öndürmegi meýilleşdirýär we her awtoulag daşky görnüşi we içerki aýratynlyklary boýunça özboluşly bolar.


11.03.2026 17:18
2.2k+

Nissan Leaf ulagy Mercedes we Toyota-dan öňürdip, WWCOTY bäsleşiginde iň ýokary tituly aldy

2026-njy ýylyň Nissan Leaf elektrik modeli «Women’s Worldwide Car of the Year» bäsleşiginde ýeňiş gazanyp, iň ýokary — «Supreme Winner» diýen ada mynasyp boldy. Ses bermäge 55 ýurtdan 86 sany zenan awto-synçysy gatnaşyp, olar alty kategoriýa boýunça 55 modele baha berdi...

02.03.2026 20:18
2.2k+

Lamborghini Revuelto bürünç bezegler bilen bezelen Verde Rio görnüşindäki kaşaň keşbe girdi

Lamborghini kompaniýasynyň Ad Personam şahsylaşdyrma bölümi ýörite Revuelto awtoulagyny döretdi. Awtoulagyň üýtgeşik reňk düzümi bar: kuzowy Verde Rio reňkine boýalan, bölekleri we bezeg elementleri bilen birlikde äheňine Bronzo Oreadi reňkine baý bezegler goşulan...

25.02.2026 06:32
6.2k+

«Bu öte gymmat güýmenje boljak...» Lamborghini dolulygyna elektrokarlara geçmek niýetinden dändi

Lamborghini meşhur italýan brendi doly elektrikleşdirilen awtoulag öndürmek meýilnamasyny ýatyrdy. Kompaniýa muňa derek zarýad berilýän gibrid awtoulaglaryny (PHEV) kämilleşdirmäge üns berer diýip, The Sunday Times gazeti habar berýär...

10.12.2025 12:07
5.9k+

Lamborghini reňklemek üçin iki aý gerek bolan Temerario ýörite wersiýasyny çykardy

Lamborghini awtoulag öndürijisi ABŞ-nyň Maýami şäherinde ýerleşýän Art Bazel sungat ýarmarkasynda Temerario superkarynyň ilkinji nusgasyny görkezdi. Awtoulagyň tapawutly aýratynlygy, dizaýnerleriň pikiriçe, superkary sungat eserine öwürýän ýörite nagyşly özboluşly kristal boýagdyr...