Lexus gibridli flagman LX 700h awtoulagyny hödürledi

  • 14.10.2024 15:23
  • 12k+

Lexus gibridli, ýolsuz ýerden geçmäge ukyply flagman LX 700h awtoulagynyň täze ýokary derejeli wersiýasyny hödürledi.

Bu model LX600 bilen deňeşdirilende kuwwatynyň ep-esli ýokarlanmagyna mümkinçilik berýän 3,5 litrlik V6 benzinli hereketlendirijini we elektrik komponentini öz içine alýan gibrid güýç gurluşy bilen enjamlaşdyrylandyr.
Deslapky maglumatlara görä, täze önümiň kuwwaty 500 at güýjünden geçýär, öňki wersiýasynda bolsa 415 at güýji bardy. Şol bir wagtyň özünde täze gibrid hereketlendirijisi adaty benzinli görnüşinden has tygşytlydyr.
LX 700h doly priwodly 10 basgançakly awtomatiki geçirijisi bilen üpjün edilendir. Gibrid ulgamynyň suwdan goralan batareýasy, ulagyň agyr şertlere garşy durmak ukybyny görkezip, 700 mm çenli çuňlukly saýlardan geçmäge mümkinçilik berýär.
Awtoulagyň ölçegleri 5100x1990x1895 mm, teker bazasy - 2850 mm.
Kämilleşdirilen güýç gurluşyndan başga-da, täze LX 700h syýahaty has rahat edýän 12,3 dýuýmlyk ekrany we kämilleşdirilen interfeýsi bolan täzelenen media ulgamyna eýedir.


27.05.2026 19:09
7.1k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

15.05.2026 11:08
3.2k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....

11.05.2026 18:31
5.3k+

Lexus ilkinji üç hatarly TZ krossowerini tanyşdyrdy: 6 orun, 420 at güýji we 480 km ýol ätiýaçlygy

Lexus öz taryhynda ilkinji gezek üç hatar oturgyçly, doly göwrümli elektrikli krossoweri bolan TZ modelini tanyşdyrdy....

04.05.2026 20:02
4.4k+

Lexus Toyota Highlander-iň binýadynda täze üç hatarly krossowerini görkezer

Lexus brendi resmi tanyşdyrylyşy 7-nji maýa meýilleşdirilen täze modeliniň tizerlerini paýlaşdy. Bu täzeligiň ýakynda tanyşdyrylan elektrik Toyota Highlander-iň premial nusgasy bolan uly göwrümli elektrik......