Kristofer Kolumbyň Sewilýada jaýlanandygynyň hakykatdygy subut edildi

  • 14.10.2024 14:08
  • 11k+

Ispaniýaly alymlar Sewilýa soborynda jaýlanan galyndylaryň meşhur deňizçi Kristofer Kolumba degişlidigini tassyklamak bilen, köpden bäri dowam edip gelýän jedeli soňladylar diýip, The Guardian habar berýär.

Hose Antonio Lorenteniň ýolbaşçylygyndaky barlag topary tarapyndan geçirilen DNK-nyň seljermesi dogany Diegonyň we ogly Fernandonyň nusgalary bilen genetiki materialyň gabat gelendigini ýüze çykardy.
1506-njy ýylda ýogalan Kolumbyň jesedi birnäçe gezek ondan-oňa göçürildi: ilki ol Walýadolide jaýlandy, soňra Espanýola, Kuba we ahyrda Sewilýa geçirildi. Bu hakykat uzak wagtlap barlaglaryň geçirilmegine sebäp bolup, jaýlanan galyndylaryň kime degişlidigine şübhe döretdi.
Şeýle-de bolsa, Kolumbyň gelip çykyşynyň syry entek çözülmän galýar. Onuň watany baradaky çekişmeler dowam edýär: dürli barlagçylar onuň aslynyň italýan, portugal, katalon ýa-da grek bolandygyny öňe sürýärler.
Ispaniýanyň monarhlarynyň howandarlygyndaky ekspedisiýalarynda Kristofer Kolumb Atlantik ummanynyň üstünden dört gezek syýahat etdi. Onuň ilkinji syýahaty 1492-nji ýylyň 3-nji awgustynda başlandy we iki aýdan gowrak wagt geçensoň, 12-nji oktýabrda Aziýa topraklary diýip hasaplan Bagam adalaryna baryp ýetdi. Şeýle-de, soňra ol Karib deňzini, Kubanyň we Espanolanyň (häzirki Gaiti we Dominikan respublikasy) kenarlaryny gözden geçirdi.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....