Aşgabatda Türkmenistanyň we Mongoliýanyň artistleriniň bilelikdäki konserti geçirildi

  • 14.10.2024 11:39
  • 2.7k+

12-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň we Mongoliýanyň artistleriniň bilelikdäki konserti geçirildi. Bu barada resmi metbugatda habar berildi.

Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň Türkmenistana döwlet saparynyň çäklerinde guralan bu döredijilik çäresini geçirmek üçin Mongoliýanyň döwletiň medeniýet we sungat ussatlaryndan ybarat wekiliýet ýurdumyza geldi. Çäräniň açylyş dabarasyna ugurdaş edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.
Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, Aşgabatda bilelikdäki konsertiň geçirilmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň hünär gatnaşyklaryny ösdürmäge, birek-biregiň taryhyna, ruhy mirasyna halklarymyzyň gyzyklanmalaryny artdyrmaga ýardam eder.
Türkmenistanyň we Mongoliýanyň sungat ussatlarynyň konsert maksatnamasyna aýdymlar, folklor-tans çykyşlary girizildi.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
6.1k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
8.2k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4.1k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......