Arkadag şäherinde ÝUNESKO-nyň şahadatnamasy gowşuryldy

  • 13.10.2024 23:41
  • 4.8k+

12-nji oktýabrda Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda dabaraly maslahat geçirildi. Onuň dowamynda “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy diýip, TDH habar berýär.

ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň başlygy hanym S.Mikelesku dabarada çykyş edip, ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gurbanguly Berdimuhamedowy, Türkmenistanyň Prezidentini we tutuş türkmen halkyny ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly waka bilen gutlady hem-de “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamany dabaraly ýagdaýda gowşurdy. 
Soňra dabaraly maslahata gatnaşyjylar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň binýadynda döredilen “Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri” atly ÝUNESKO klubyna baryp gördüler. Bu ýerde ahalteke bedewleriniň taryhy, olaryň halkara derejesinde geçirilen bäsleşiklerde gazanan netijeleri baradaky maglumatlar dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy.
Şeýle hem Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi bu ýerde guralan dabaraly maslahatyň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirdi. Özüniň çeýeligi, owadanlygy we ýyndamlygy bilen dünýäni haýrana goýýan bedewlere atlanan ýaşlar çylşyrymly çykyşlary ýerine ýetirip, bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdylar. 
Ahalteke atçylyk sungatyny hem-de behişdi bedewlerimizi bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek baradaky Kararyň 2023-nji ýylyň dekabrynda Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde geçirilen hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde kabul edildi. Onda ýurdumyzyň öňe süren teklibiniň bu topara agza döwletleriň 24-si tarapyndan biragyzdan goldanyldy.


düýn 16:02
809

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......