TikTok döredijileri emeli aň funksiýalaryny goldaýan “gürleýän” nauşnikleri hödürlediler

  • 12.10.2024 15:35
  • 4.1k+

TikTok programmasyny işläp düzüji Hytaýyň ByteDance kompaniýasy Ola Friend ady bilen açyk görnüşli nauşniklerini hödürledi. Olar ses kömekçisiniň funksiýasyny ýerine ýetirýändigi we emeli aň funksiýalaryny goldaýandygy bilen tapawutlanýar.

Mysal üçin, ulanyjy nauşnikden häzir ýaňlanýan aýdymyň ýerine ýetirijisi barada giňişleýin maglumat bermegi, bellibir aýdym-saz žanryny açmagy, adamyň häzir ýerleşýän nätanyş ýeri barada gürrüň bermegi sorap biler. Şeýle-de, iňlis dilinden göni terjime funksiýasy bar – adam daşary ýurtly bilen gürleşip, söhbetdeşiniň gürrüňiniň sinhron terjimesini eşidip biler.
Emeli aň funksiýalarynyň işine Doubao neýroulgamy jogap berýär. Bu ChatGPT-niň hytaý analogy hökmünde häsiýetlendirilýän ByteDance-iň hususy işläp taýýarlamasydyr. Nauşnikde çat-botuň işlemegi üçin smartfona Doubao programmasyny ýükläp almaly.
Şeýle-de, Ola Friend nauşnikleri üýtgeşik forma eýe boldy. Olaryň korpusy türgenleşik ýa-da çalt ýöriş wagtynda gaçmaz ýaly gulagy “gujaklaýan” ýalydyr. Bir nauşnigiň agramy bary-ýogy 6,6 gram, plastik korpus dört reňk bilen bezelen: çal, ak, gara we ýiti benewşe. Gurluşyň beýleki aýratynlyklarynyň arasynda goşa mikrofon, işjeň galmagy basyş goldawy, keýsden goşmaça zarýad bermezden 10 sagada çenli awtonomlyk bar.
Ola Friend 17-nji oktýabrda satuwa çykar we häzirlikçe diňe Hytaýda elýeterli bolar. Ony Alibaba-dan Tmall we JD.com dükanlarynda satyn almak bolar. Dünýä bazaryna çykyş barada maglumat ýok. Olaryň bahasy 1199 ýuan ($170 töweregi).


25.06.2026 10:21
4.3k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......